Milli terbiýäniň möhüm ugry

30 Mart 2021
905

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gözbaşyny taryhyň örän çuňluklaryndan alyp gaýdýan milli medeniýetimiz has-da ösdürilýär. Milli medeniýetimiziň süňňüni emele getirýän, müňýyllyklaryň dowamynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynda taplanyp gelen ruhy-ahlak gymmatlyklarymyzyň ýaş nesilleri terbiýelemekdäki ähmiýeti örän uludyr. Dana pederlerimiz nesil terbiýesine aýratyn üns beripdirler. Bu babatda halkymyz ençeme rowaýatlary, nakyllary, mizemez gymmatlyklary döredipdirler. Halk döredijilik eserleriniň haýsy birine ýüzleneniňde-de, umumadamzat gymmatlyklarynyň hatarynda mynasyp orun alan eposdyr, dessanlarymyzda-da adamzada bagyş edilen ynsanperwerlik, agzybirlik, watansöýüjilik, myhmanparazlyk, ynsan mertebesini ýokarda goýmak, ene-ata hormat goýmak ýaly milli ýörelgelerimiziň eriş-argaç bolup geçýändigini görmek bolýar. Şeýle gymmatlyklarymyzyň ählisi-de ýaş nesillerde watansöýüjiligi kalbyna, aňyna guýmak, zähmetsöýer, ylymly-bilimli edip ýetişdirmek ýaly ýörelgelerden ugur alýar.

Hormatly Prezidentimiz: «Ýaşlar eziz Watanymyzyň güýç-kuwwatyny we beýik geljegini özünde jemleýär. Şoňa görä-de, jemgyýetçilik guramalarynyň, aýratynda, Ýaşlar guramasynyň tagallalary ýaşlaryň hukuk we durmuş goraglylygyny üpjün etmäge, olaryň arasynda ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklarymyzy, milli däp-dessurlarymyzy wagyz etmäge gönükdirilmelidir» diýmek bilen, ýaşlaryň terbiýesi babatda parasatly pikirleri beýan edýär. Türkmen perzendiniň ene-ata bolan hormatynyň neneňsi ägirtdigi biziň her birimize mälimdir. Munuň sebäbi ene-ata perzendiň kalbyndaky duýgusynyň ýaşlykdan has güýçli sylag-hormata, söýgä, sarpa ýugrulandygynyň alamatydyr. Ýa-da maşgala ojagynyň mukaddesligi, onuň yranmaz döwletdigi baradaky öwüt-ündewler çaganyň aňyna, hatda ol entek sallançakdaka ene hüwdüsiniň üsti bilen ýetirilýär. Ynsanyň Watana bolan söýgüsini alyp göreliň. Bu söýgi baryp-ha türkmen halkynyň owal-ahyr häsiýeti, dünýäsi bilen döräpdir. Onuň millilige eýe bolandygy üçin belli bir döwre ýa-da belli bir döwrüň edebiýatynda, ruhy dünýäsinde döräpdir diýip aýdyp bilmeris. Şonuň üçin hem bu gymmatlyklaryň ählisi-de halkymyzyň owalda-ahyrda ruhy dünýäsinde, durmuş tejribesinde taplanyp, millet hökmündäki aýratynlygyna-da milli özboluşlylyk çaýyp gelýär.

Oguljemal HANOWA,
Ak bugdaý etrabyndaky 5-nji orta mekdebiň mugallymy.