Utgaşdyrylan sapaklaryň ähmiýeti

30 Mart 2021
1134

Mekdebiň başlangyç synp okuwçylary üçin ene dili sapagynyň ähmiýeti örän uly. Şonuň üçinem bu sapak boýunça geçýän temalarymyň okuwçylara düşnükli, täsirli bolmagy ugrunda gerekli esbaplaryň we mysallaryň üstünde aýratyn işleýärin. Okadýan başlangyç synpymda çagalar edebiýatynyň görnükli wekili «Gurban Çöliýewiň ömri, döredijiligi we onuň tebigat, çagalar dünýäsi bilen baglanyşykly döreden eserleri» atly temany geçenimde, dürli usullardan peýdalandym. Şahyryň döredijiliginde Watan gözelligi, tebigat täsinlikleri, güneşli Diýarymyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsi baradaky goşgulary uly orny eýeleýär. Şahyryň eserleriniň liriki gahrymanynyň ilkinji gezek açylan güli görende, gök gürläp, ýagyş ýaganda, gyşyň ak gary sepelände, dürli jandarlara, mör-möjeklere nazary düşende çaga kalbynyň begenişini, tolgunyşyny hiç zat bilen deňär ýaly däl. Bu ajaýyp pursatlara diňe çaganyň gözi bilen seredip, çaga gözi bilen beýan etmek mümkin. Onuň her bir goşgynyň gyzykly bolmagyna täsiri bar. Ine, bahar gelende alaňlarda dürterip çykan göm-gök ýylaklara, depe-düzleri ýapan gök otlara nazary düşen şahyryň liriki gahrymany şeýle seslenýär:

Bilýärmiň näme,
Bu göm-gök nagyş.
Ýerden ot bolup,
Çykdy ak ýagyş...

Şirinjemal ÝEGELEKOWA,
Aşgabat şäherindäki tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 44-nji orta mekdebiň mugallymy.