Geljege ynamly ýaşlar

29 Mart 2021
972

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän üstümizdäki ýylda hem Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz ynamly gadamlar bilen öňe barýar. Gahryman Arkadagymyzyň il bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň hatarynda ösüp barýan ýaş nesilleri ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar edip ýetişdirmek babatyndaky işler hem mynasyp orny eýeleýär. Ýaşlaryň höwes edýän ugurlaryna laýyklykda, hünär saýlap almaklary, şol ugurlar boýunça ukyp-başarnyklaryny ösdürmekleri üçin hem döwlet derejesinde uly aladalar edilýär. Biziň ähli şert-mümkinçilikler döredilen döwrebap orta mekdeplerde okap ýören häzirki günlerimizden geljekki hünärlerimizi saýlap

almaklygymyz üçin döredilýän oňaýly şertlerden ýerlikli peýdalanmagymyz, bu babatda mugallymlarymyz bilen maslahatlaşyp durmagymyz zerurdyr. Sebäbi mekdep durmuşyndan durmuş mekdebine gadam basanymyzda, özümize, öz geljegimize doly derejede ynamymyz bolmalydyr. Bagtyýarlyk döwrüniň ýaşlarynda şeýle ynamyň bardygyny hem buýsanç bilen aýdyp bileris.

Gülşat IŞANGULYÝEWA,
Serdar şäherindäki 2-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy.