Nesil terbiýesi

28 Mart 2021
1114

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ylym-bilimi kämilleşdirmäge, ýaş nesliň bilim almaga bolan höwesini artdyrmaga ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzdaky çagalar baglary, orta we ýokary okuw mekdepleri häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýän tehnologiýalar bilen üpjün edilýär.

Ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde kitaplaryň ähmiýeti-de örän uludyr. Körpelerde kitap okamaga höwesiň döredilmegi we ösdürilmegi olaryň kämil dünýägaraýyşly bolmagyna itergi berýär. Çaga dünýäsine we onuň aň-düşünjesine täsir edýän halk döredijilik eserleriniň bir görnüşi bolan ertekiler çagalarda gowy häsiýetleri oýarmaga ýardam berýär. Körpeler ertekileriň üsti bilen pikirlenmegi, çeper sözlemegi öwrenýärler. Ertekiler çagalaryň pikirlenişini ösdürmekde hem iň ygtybarly serişdedir.

Ene ATAÝEWA,
Babadaýhan etrabyndaky 8-nji çagalar bagynyň müdiri.