Döwrümiziň buýsanjy hem daýanjy

29 Mart 2021
1107

Arkadag Prezidentimiz ýaşlara uly ynam bildirýär we «Geljegimize ynamlylygymyz watançy, akylly-başly oýlanyp bilýän ýaşlarymyza baglydyr» diýip nygtaýar. Olaryň döredijilik mümkinçilikleriniň açylyp, beden taýdan sagdyn ösmegi, ruhy-ahlak taýdan kämilleşmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy, jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin ähli şertleri döredip berýär.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 8-nji ýanwarynda milli Liderimiziň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamagy ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlary hakynda edýän aladasynyň bimöçberdigini görkezdi. Ýaşlara hemmetaraplaýyn goldaw bermäge, olaryň hukuk we durmuş goraglylygyny üpjün etmäge, sazlaşykly ösmegi hem-de döwrebap bilim almagy we iş bilen üpjün edilmegi üçin oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilen bu maksatnama ýaşlaryň ata Watanymyzyň mynasyp raýatlary bolup ýetişmeklerinde uly ähmiýete eýedir.

Mustafa DURDYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher geňeşiniň başlygy.