Sanly bilim portaly bilim ulgamyndaky rowaçlykdan nyşan

29 Mart 2021
1200

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär. Hut şu nukdaýnazardan, milli Liderimiziň başlangyçlary esasynda 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda kabul edilen «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerine sanly bilim portaly ornaşdyrylýar.

Bu konsepsiýanyň esasy maksady ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmekden, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakdan, hilini ýokarlandyrmakdan we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekden ybaratdyr. Iki tapgyrda amala aşyrmak meýilleşdirilen bu konsepsiýanyň birinji tapgyrynyň häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýändigini bellemelidiris.

Allaberdi AGAMYRADOW,
Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň mugallymy.