Watana wepaly, zähmetsöýer nesiller

29 Mart 2021
946

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe çuň bilimli, tutanýerli we giň dünýägaraýyşly nesilleriň terbiýelenip ýetişdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Gursagy hyjuwly, kalby höwesli ýaş nesilleriň döwrebap bilim almaga bolan islegleri bu günki günde hasyl bolýar. Berkarar döwletimizde ýaş nesillerimiziň eşretli, abadan durmuşda ýaşamagy, ylymly-bilimli, watansöýüji, il-güne peýdaly adamlar bolup ýetişmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Eziz Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzyň ýagty geljegi bolan ýaş nesliň dynç almagy, saglyklaryny berkitmegi, sport bilen meşgullanmagy üçin hem ähli mümkinçilikler bar. Diýarymyzyň ähli künjeklerinde aň-bilim taýdan ösen, beden taýdan sagdyn, eziz Watanymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny has-da artdyrjak bagtyýar nesil üçin iň häzirki zaman enjamlary, multimediýa we okuw-tehniki serişdeleri bilen üpjün edilen çagalar baglarynyň, mekdepleriň, sport toplumlarynyň, sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň gurlup, ulanylmaga berilmegi munuň subutnamalarydyr. 

Mähriban çagalar! Eziz Arkadagymyz: «Siz, gadyrly çagalar, ajaýyp mekdepleriň gapysyndan Watana, il-güne wepaly, zähmetsöýer, ahlakly nesiller bolup çykmalysyňyz» diýip, ýaş nesillere uly ynam bildirýär. Ata Watanymyz arzuwlaryň amala aşýan ýurdudyr. Siziň sowatly, ylymly-bilimli, beden we ruhy taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegiňiz ugrunda eziz Arkadagymyz uly işleri durmuşa geçirýär. Şonuň üçinem oňat bahalar bilen okap, öwrenip, uly ynamy ödemelisiňiz.