Dünýäniň ähli ýurtlarynyň deňze çykalgasy bolmalydyr

30 Oktýabr 2023
467

Gyrgyzystanda geçen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza döwletleriniň hökümet baştutanlarynyň ýygnagynda Mongoliýanyň Premýer-ministri Oýuun-Erdene Luwsannamsraýn öz çykyşynda: «Dünýäniň ähli ýurtlarynyň deňze çykalgasy bolmalydyr» diýdi. Bu barada «Report.az» neşiri habar berýär.

Premýer-ministr şunuň bilen baglylykda, Mongoliýanyň deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň ýük gatnawy barada meselä aýratyn garalmagyna çagyrýandygyny nygtady.