1991-nji ýylyň güýzünde dünýäniň syýasy kartasynda Garaşsyz Türkmenistan döwleti peýda boldy. Berkarar döwletimiziň iň täze taryhy, biziň ösüşlerimiz we üstünliklerimiz dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen Garaşsyzlygymyzdan başlanýar. Geçen 33 ýyla golaý döwrüň dowamynda ýurdumyzda dünýä ýaň salan ägirt uly işler bitirilip, ähli ugurlarda asyrlara barabar ýol geçildi. Munuň özi eziz Diýarymyzyň durmuş-ykdysady ösüşleriň täze sepgitlerine tarap yzygiderli öňe barýandygyny, onuň halkara abraýynyň barha ýokarlanýandygyny görkezýär.
1990-njy ýylyň 22-nji awgustynda Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlylygy hakynda Jarnama kabul edildi. Bu resminama ýurduň içeri we daşary syýasatynyň ösüşiniň möhüm esasy, başlangyjy boldy, ýurdumyzyň ähli çäklerinde halkyň öz döwletliligini, öz hökmürowanlygyny gazanmagyna mümkinçilik berdi. Özygtyýarlylygyň döwlete içeri we daşary syýasatda doly garaşsyzlyk berýändigi düşnüklidir. Bu Jarnama türkmen halkynyň döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk eýesidigini yglan eden resminama boldy. Ol ýurdumyzyň çäklerinde ähli ýeriň, ýerasty baýlyklaryň, howa giňişliginiň, suwuň we beýleki gymmatlyklaryň türkmen halkynyň milli emlägidigini, respublikanyň özbaşdaklygyny, onuň kanunlarynyň hökmürowanlygyny, daşary ýurtlar bilen gatnaşyklarda garaşsyzlygyny jar etdi.