Türkmen paýhasynyň beýany

30 Mart 2021
1096

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe geljegimiz bolan ýaşlary milli ruhda, ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgelerini dowam edýän watanperwer ynsanlar edip terbiýeläp ýetişdirmek terbiýeçilik işleriniň esasy ugry bolup durýar. Nesil terbiýesi jemgyýetiň, döwletiň, mekdebiň, maşgalanyň üns-aladasynda durýan esasy işleriň biridir.

Terbiýeçilik işlerinde Gahryman Arkadagymyzyň eserleri örän ähmiýetlidir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda paýhasly jümleler çuňňur many-mazmun bilen beýan edilýär. Türkmen halkynyň ajaýyp däp-dessurlaryny, myhmansöýerligini, her bir işe parasatlylyk bilen çemeleşýändigini doly açyp görkezýän bu eser halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň has gadymy döwürlerden gözbaş alýandygyny beýan edýär.

Arslan GURBANNAZAROW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.