Kitaby çalt okamagyň syrlary

30 Mart 2021
1312

Bilimleriň çeşmesi bolan kitaba aýawly çemeleşmek, ony çalt hem düşünip okamak ýagşy endikleriň biridir. Adamyň beýnisi bilen gözüniň arasyndaky arabaglanyşygyň we hyzmatdaşlygynyň ýokary bolmagy çalt okaýanlaryň okan zadyna düşünýändigi hem tassyklaýar. Göz hereket etmän, okalýan kitaba seredip duran pursatynda okaýar. Şonda göz görýän maglumatlaryny tizlik bilen surata düşürýär we beýnä iberýär. Bu sanlyja wagtda bolup geçýär. Gözüň görüş tizliginiň beýniniň işleýşinden birnäçe esse yza galýandygy sebäpli beýnä iberilýän maglumatlar köplenç beýnini doly meşgul etmeýär. Kähalat okaýan pursatymyz ünsümiziň sowlup, başga zatlaryň pikirine gitmegimiz hem şu sebäplidir. Çalt okamak bolsa, adamyň ünsüni bir ýere jemleýär. Şonuň üçin okan sözlerimizi täzeden okaman, tiz wagtda onuň manysyna düşünip bilýäris.

Käbir okyjylar okaýan zatlaryna düşünmek üçin sesli okamagy peýdalydyr öýdýärler. Şeýle ýagdaýda göz öňe gidýärkä, ses gözleriň yzyndan ylgap barýan ýaly bolýar. Many hem çylşyrymlaşýar. Bu endik başlangyç synplardaky sesli okamakdan galyp bilýär. Kitaby sesli okamak okan zadyňa düşünmegi kynlaşdyrýar. Peýdasyz endikleriň ýene biri-de — okalýan setirleri barmak ýa-da galam bilen yzarlamakdyr. Bu ýagdaý gözüň hereketini çäklendirýär. Çalt okamakda iň peýdaly usul gözüň ýetýän ýerinden doly peýdalanyp, sözleri bölek-bölek okamakdyr. Şeýle edilende, gözüň şol bir wagtyň özünde görüp, herekete geçirmek ýaly iň oňat aýratynlygyndan peýdalanylýar.

Nagmat DAŇLYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.