Bilim bermegiň döwrebap usullary

30 Mart 2021
1060

Ýurdumyzda ýaş nesil hakyndaky alada Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrüldi. Ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagy, edep-terbiýeli, ata Watana, merdana pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin giň möçberli işler amala aşyrylýar.

Döwlet Baştutanymyz tarapyndan çuňňur ylmy esasda işlenip düzülen we tassyklanan Milli maksatnamalaryň çäginde giň gerimli geçirilýän durmuş-ykdysady özgertmeler halkymyzyň bagtyýarlyk döwrüne bolan buýsanjyny artdyrdy, ynamyny, agzybirligini has-da pugtalandyrdy. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň bilim, ylym ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we ony has-da kämilleşdirmek boýunça amala aşyrýan giň möçberli özgertmeleriniň çäginde bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek işine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda gysga wagtyň içinde düýpli işleriň geçirilmegi bilim ulgamynyň işgärlerini has-da buýsandyrýar.

Maksatberdi ANNAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň uly mugallymy.