Sanly bilimiň batly gadamlary

31 Mart 2021
1117

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe milli bilim ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işleri döwrebap derejede guralýar, oňa innowasion tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Şeýle hem ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bu babatda milli aýratynlyklary göz öňünde tutup, dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmak, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar.

Bu ugurda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», şeýle hem ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasy tassyklanyldy. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň maksadyny, wezipelerini we esasy ugurlaryny kesgitleýän bu konsepsiýa Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, «Bilim hakynda», «Elektron resminama hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna, «Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda taýýarlanyldy.

Mekan BEKENOW,
ylym we bilim işgärleriniň KA-nyň Gubadag etrap geňeşiniň hünärmeni.