Diller dünýä nur çaýýar

29 Mart 2021
1055

Türkmenistan parahatçylyksöýüjilikli we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny durmuşa geçirýär. Halkara guramalary we dünýä döwletleri tarapyndan ykrar edilen demokratik ýol bilen öňe barýan ýurdumyzyň merdana halky agzybirlik we ynanyşmak arkaly ösüşiň täze belentliklerine sary aýgytly gadam urýar.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly syýasatynyň netijesinde ýurdumyzda uly özgertmeler amala aşyrylýar. Bu bilim ulgamynda hem şeýledir. Soňky ýyllarda durmuşa geçirilen özgertmeler ösüp gelýän ýaş nesle döwrüň talabyna laýyk gelýän bilim we terbiýe bermäge giň ýol açdy. Daşary ýurt dillerini öwretmegiň kämilleşdirilmegi bolsa ýaşlara orta mekdebi tamamlandan soň beýleki ýurtlaryň okuw mekdeplerinde bilim almaga, dünýäniň gazananlaryndan peýdalanmaga, halkara ders we taslama bäsleşiklerine gatnaşmaga mümkinçilik döretdi. «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi bilen dil öwretmeklik has ýokary derejelere çykaryldy. Ýurdumyzyň bilim ojaklarynda daşary ýurt dillerini okatmagyň döwrebap usullary ulanylyp, daşary ýurtlaryň innowasion tejribesine laýyklykda okadylýar. Bu özüniň oňyn netijelerini hem berýär. Ene dilinden daşary hem birnäçe dil bilýän ýaşlaryň sany barha artýar.

Gülälek ATAKOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.