Wysal bolan arzuw

31 Mart 2021
1085

...Gözel paýtagtymyzyň owadan, giň köçeleriniň birinden şaglap barýan ulag Türkmenistanyň Serhet institutynyň deňine ýetip saklandy. Serhet institutynyň bir tarapyny göm-gök öwüsýän arçalar bezeýän bolsa, beýleki tarapynda gözýetime uzalyp gidýän belentli-pesli baýyrlyklar ýaýylyp ýatyrlar. Guşlaryň şadyýan jürk-jürk sesleri hem eşretli durmuşdan habar berýär. Çünki olaryň iki ýana pel-pelläp uçmagy — asudalygyň buşlukçysy. Owadan tebigatyň gujagynda ak mermere beslenip oturan Serhet institutynyň ajaýyp binagärlik keşbi bilen tebigatyň sazlaşygyny söz bilen beýan eder ýaly däl...

Tebigatyň ajaýyp gözelligini synlap, guşlaryň jürküldisine diň salyp barşyma, men institutyň nyzam meýdançasynda halypa mugallym Aşyrdurdy Kakajykow bilen gabatlaşdym. Az wagtlyk söhbedimiziň dowamynda men halypa mugallyma polkownik Orazgeldi Taganow hakynda makala ýazmakçydygymy aýtdym. Şonda ol:

Selbi AŞIROWA,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy, uly leýtenant.