"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Yhlasly zähmet — aýdyň netije

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli sebitlerindäki bilim ojaklarynda täze okuw ýylyny taýýarlykly garşylamak boýunça işler dowam edýär. Bilim işgärleri ösüp gelýän ýaş nesliň dünýä ülňülerine gabat gelýän, göwnejaý abatlaýyş işleri geçirilen ýagty, arassa mekdeplerde bilim almagy üçin yhlasly zähmet çekýärler. Bu işler Ak bugdaý etrabynyň 17-nji orta mekdebinde hem guramaçylykly alnyp barylýar. Biziň mekdebimiz etrabymyzyň iň göreldeli mekdepleriniň biri bolup, onda zähmet çekýän mugallymlar ýaş nesilleriň kämil bilim-terbiýe almaklary üçin yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar. Täze okuw ýylyna taýýarlyk işlerine mekdebimiziň mugallymlary örän jogapkärçilikli çemeleşip, olaryň tutanýerli zähmetleriniň netijesinde okuw otaglarynda, sport meýdançalarynda, kompýuter otaglarynda, kitaphanada, dälizlerde abatlaýyş işleri geçirildi. Mekdebiň daşy agardylyp, otaglaryň ýagty, arassa bolmagyna aýratyn üns berildi. 2021 — 2022-nji okuw ýylynda 1-nji synpa 84 çagany okuwa kabul etmek meýilleşdirilýär, mekdebimizde bolsa jemi 742 okuwçy bilim-terbiýe alar.

Bilim ulgamynyň innowasion ösüşi ylmy-tehniki öňegidişlikleriň binýadydyr

Aşgabat, 12-nji iýul (TDH). Şu gün paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde okamaga isleg bildirýänlerden resminamalar kabul edilip başlandy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 9-njy iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde Buýruklara gol çekip, 2021-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça, şonuň ýaly-da, orta hünär okuw mekdeplerine kabul etmegiň meýilnamalaryny tassyklady. Resminamalara laýyklykda, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegi 12-nji iýul — 27-nji awgust günlerinde guramak tabşyryldy.

«Dürdäne» çagalara gujak açýar

Ýaş nesilleriň dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap binalarda okap, dynç alyp, bilimli, aň-düşünjeli, berk bedenli, sagdyn ruhly bolup kemala gelmegi ugrunda birnäçe döwletli işler durmuşa geçirilýär. Çagalaryň dynç alyş möwsümlerini gowy geçirmekleri üçin ýurdumyzyň ähli ýerlerinde, şol sanda Balkan welaýatynda hem birnäçe binalar gurlup, ulanylmaga berilýär. Şol binalaryň biri-de «Dürdäne» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezidir. Bu bina 2016-njy ýylda ulanmaga berlip, birbada 300 çaganyň dynç almagyna ähli mümkinçilikler döredilipdir. Bu çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezi 86 otagdan ybarat bolup, sport meýdançalar, ýazky we gyşky howdanlar, sport zallary, kompýuter otaglary, kinoteatrlar, konsert bermek üçin açyk meýdança, myhmanhana, çeperçilik sungat otaglary, naharhana, kitaphana, mejlisler zaly bilen üpjün edilipdir. Bu ýere gelýän çagalaryň açyk howada dynç almaklary üçin seýilgähler hem gurlupdyr. Mundan başga-da, çagalaryň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmaklary üçin bedenterbiýe hereketleri hem-de sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklaryna ähli mümkinçilikler bar. Çagalaryň dynç alýan wagtlarynyň dowamynda sport ýaryşlary guralyp, olar öz aralarynda dürli oýunlary oýnaýarlar.

Bilim binýady pugtalanýar

Täze taryhy döwrümizde ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösen döwletleriň derejesine çykarmak, ýaş nesliň döwrebap bilim almagy üçin ähli şertleri döretmek babatynda guwandyryjy işler durmuşa geçirilýär. Bilim ulgamyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmaga, ýokary okuw mekdeplerinde bilimiň hilini dünýä derejesine çykarmaga gönükdirilen, milli we halkara tejribqni öz içine alýan özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy bolsa, bu ugurda möhüm ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň 9-njy iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetini, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetini, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyny, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyny, Türkmen döwlet maliýe institutyny, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyny hem-de Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetini hojalyk hasaplaşygyna geçirmek, şeýle-de Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi, Ýaş diplomatlaryň mekdebini hem-de Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümini açmak bilen baglanyşykly Kararlara gol çekmegi ýurdumyzda bilim ulgamyny özgertmegiň, ökde hünärmenleri taýýarlamagyň ýolunda ajaýyp waka öwrüldi. Ýurdumyzyň ykdysady, medeni, ylmy we tehnolog

Bilim işiniň sanlylaşdyrylmagy

Hormatly Prezidentimiziň aladasy netijesinde ýaş nesli hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmek üçin ähli şertler döredildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilimli, ýokary aň-düşünjeli, giň gözýetimli we giň dünýägaraýyşly ýaşlar kemala gelýär. Sanly ykdysadyýete geçmek, ýönekeý dilde aýdylanda durmuşyň ähli ugurlaryny sanlylaşdyrmak ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi. Bazar gatnaşyklaryna mahsus şertlerde kämil hünärmenleri taýýarlamak işinde, olarda zähmet işine uýgunlaşmak we bäsleşige ukyplylyk ýaly häsiýetleri kemala getirmek hem-de ösdürmek esasy wezipeleriň birine öwrülýär. Şunda, zerur bolan bilimleriň sanly görnüşde alynmagyna möhüm ähmiýet berilýär.

Ömrüň abraý ýüki

(Oçerk) Öňräjikdi. Bir märekede biri gürrüňden gürrüň çykanda:

Bilim — bagtyň binýady

Ýaşaýşyň gözelligi, ynsanlaryň bagtyýarlygy, ýaşlaryň geljegi ýurtda alnyp barylýan bilim syýasaty bilen baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň döwrebap bilim almagy üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň baş maksady halkyň eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Bu asylly maksada ýetmekde jemgyýetiň hemmetaraplaýyn kämilleşmegine, ruhy dünýäsiniň baýlaşmagyna, ylym-bilim ulgamlarynda düýpli özgertmeleriň geçirilmegine uly orun degişlidir. Häzirki wagtda bilim ulgamynyň meselelerine döwlet tarapyndan yzygiderli üns berilmek bilen, giň gözýetimli, täzeçe pikirlenmegi başarýan, döwrüň ösen talaplaryna düşünýän, innowasiýalara esaslanýan ykdysadyýeti ösdürmäge goşant goşup bilýän ýaşlary terbiýelemek möhüm wezipe bolup durýar. Hut şonuň üçin Gahryman Arkadagymyz bilim ulgamyna durmuş-ykdysady ösüşe kuwwatly itergi berýän, jemgyýeti ösdürýän güýç hökmünde uly ähmiýet berýär. Milli Liderimiz bu ulgamyň mundan beýläk-de ösmegine, ýurduň intellektual kuwwatynyň ýokarlanmagyna aýratyn üns berýär. Ýurdumyzda ýaş nesil bilen geçirilýän okuw-terbiýeçilik işiniň kämilleşdirilmegi ilkinji derejeli işleriň hatarynda durýar. Şu maksat bilen Türkmenistanda 12 ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasy tassyklanyldy.

Çagalara meseleleri çözmegi öwretmek

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamynda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeler miwesini berýär. Ýaşlara berilýän bilimiň hili ýokarlanýar. Olaryň giň dünýägaraýyşly, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan ýaşlar bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şunda ak mekdebe ilkinji gezek gadam basýan çagalaryň bilimler dünýäsine aralaşmagyny guraýan başlangyç synp mugallymlaryna hem uly jogapkärçilik düşýär. Başlangyç synplarda çagalara bilim berlende öwrediji oýunlardan, dürli görnüşli ýönekeý logiki meselelerden peýdalanmak maksadalaýykdyr. Munuň özi çagalary gyzyklandyrýar, olaryň täze maglumatlary öwrenmäge bolan höwesini artdyrýar. Şonuň üçin-de, ýaňy alty ýaşyny dolduryp, ak mekdebe gadam basan çagalar bilen guraýan sapaklarymyň has-da täsirli bolmagyny gazanmakda oýunlardan yzygiderli peýdalanýaryn.

Işler guramaçylykly alnyp barylýar

Eziz Diýarymyzyň ähli bilim ojaklarynda täze okuw ýylyny ýokary derejede garşylamak babatda uly işler ýaýbaňlandyrylýar. Şonuň bilen baglylykda, täze okuw ýylyna taýýarlygyň iň gyzgalaňly döwri dowam edip, ýurdumyzyň bilim işgärleri bu babatda uly tagalla edýärler. Olar ösüp gelýän ýaş nesliň durky täzelenen, göwnejaý abatlaýyş işleri geçirilen ak mekdeplerde bilim almagy üçin yhlasly zähmet çekýärler. Bu işler Çärjew etrabyndaky 27-nji orta mekdepde hem göwnejaý guralýar. Biziň mekdebimizde ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermekde tejribeli mugallymlarymyza uly orun degişlidir. Şonuň üçin-de bilim ojagymyz etrapdaky göreldeli mekdepleriň hatarynda. Hususan-da, okuwçylarymyz ders we taslama bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda oňat netijeleri gazanýarlar. Bu bolsa mugallymlaryň çekýän yhlasly zähmetiniň buýsandyryjy netijeleridir.

Ene dili dersini nusgalyk kitaplar bilen baglanyşdyrmak

Edep-ekram her bir ynsanyň görküne gözellik goşýar. Ösüp gelýän ýaş nesli ahlak taýdan arassa, adamkärçiligiň iň oňat sypatlarynda terbiýelemek ata-eneleriň, terbiýeçileriň we mugallymlaryň paýyna düşýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýaş nesil hakyndaky aladany we tagallalary her ädimde duýmak bolýar. Şu durmuş hakykatyny ösüp gelýän ýaş nesliň aňyna ýetirmek bolsa mugallymlaryň borjudyr. Bu meselede ene dili dersi boýunça guralýan sapaklaryň uly ähmiýeti bardyr.

Asylly terbiýäniň gözbaşy

Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesli döwrebap terbiýelemek üçin döredip berýän mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanyp, çagalar bagymyzda okuw-terbiýeçilik işlerini talabalaýyk, ýokary hilli guraýarys. Şu maksat bilen okuw-terbiýeçilik işimize innowasion usullary, tehniki serişdeleri ornaşdyrmaga aýratyn üns berýäris. Munuň üçin çagalar bagymyzda ähli zerur bolan şertler döredilendir. Häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ulgamynda uly özgertmeler amala aşyrylýar. Olaryň baş maksady bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmekden ybaratdyr. Bu işler bolsa körpeler heniz mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýärkäler amal edilip başlanýar. Şunda çagalar baglarynyň terbiýeçileriniň öňünde çaganyň içki dünýäsini açmak, olara döwrebap terbiýe bermek, sowat öwretmek wezipesi durýar. Munuň üçin bolsa terbiýeçiler özlerine ynanylan çagalaryň her birini içgin tanamaly, onuň maşgala, durmuş şertlerine, gylyk-häsiýetine, gyzyklanmalaryna hem ymtylmalaryna belet bolmaly.

Mugallymlar maşgalasy

Ýyllar öz hökümini ýöretse-de, synpdaşlaryň, talyp ýoldaşlaryň göz öňüňde hemişeki keşbinde galýar. Onsoň günlerde bir gün olara haýsydyr bir käriň başyndaka gabat gelseň, öz ýanyňdan guwanýarsyň. Içiňden bolsa «Be, durmuş bizem uly adamlara öwräýd-ow! Gör-ä, bu gün her birimiz bir käriň eýesi» diýip, pikire çümýärsiň. Talyplyk ýoldaşym Abraý iş ýerime — welaýat gazetiniň redaksiýasyna ýygy-ýygydan gelip, salamlaşyp, hal-ahwal soraşyp durýar. Uniwersiteti bizden bir ýyl soň tamamlan hem bolsa, onuň bilen bir aga-ini ýaly gatnaşyk saklamaga talyplygyň dört ýyly hem ýeterlik boldy. Şonuň üçin hem her duşuşygymyzda gürrüňe gytçylyk ýok. Talyp ýoldaşlarymyz bilen bagly soňky täzelikleri aýdyşýançak hem ep-esli wagt geçýär. Aý, hawa-da, kim öýlenýär, kim durmuşa çykýar. Eýýäm birki çaganyň ata-enesi bolanlar hem bar. Ýyllar geçip dur...

Rowaçlygyň aýdyň ýoly

Giň göwrümli we aýdyň maksatly beýik işleriň durmuşa geçirilýän döwründe eziz Diýarymyzda ylym-bilime aýratyn üns berilýär. Önümçiligiň ähli pudaklarynda ylmyň we öňdebaryjy tejribäniň gazananlarynyň ornaşdyrylmagy hem-de iň täze tehniki hem tehnologiki enjamlaryň netijeli peýdalanylmagy biziň ýeten belent sepgitlerimizde, gazanan üstünliklerimizde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz güýçli döwletde ylmyň esasy orny eýeleýändigini, biziň ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmelidigimizi belleýär. Milli Liderimiz Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy täze belentliklere ýetirmegiň esasy sütünleriniň biri bolan bilim-ylym ulgamyny düýpli özgertmegi we kämilleşdirmegi hemişe üns merkezinde saklaýar. Dünýäde ylmy-tehniki ösüşleriň adamzada giňişleýin hyzmat edýän döwründe, ylmyň adamzadyň durmuşyna berk ornan döwründe ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryndan, ýaş alymlardan, talyplardan talap hem güýçlenýär. Ylmyň dürli ugurlary boýunça iň täze gazanylýan netijeler, açyşlar barada ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we mugallymlary, ylmy-barlag institutlarynyň ylmy işgärleriniň maglumat alyp bilmegi üçin ol ýerlerde Internet ulgamy hereket edýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde zehinli ýaşlar tejribeli professor-mugallymlaryň ýolbaşçylygynda ylym işlerini ýerine ýetirmäge yzygiderli we köpçülikleýin çekilýär. Şolaryň netijesinde tür

Türkmen ýaşlarynyň halkara üstünligi

Häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda berilýän bilimiň mazmuny, gurluşy, hili we netijeliligi döwrüň öňde goýan talaplaryna laýyklykda ösdürilýär. Bilimleri doly ele almagyň esasy maksady häzirki döwürde jemgyýetiň ösüşine laýyk gelýän pikirlenmäni kemala getirmekden ybaratdyr. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ýaşlarynyň ylym-bilim bilen içgin meşgullanmaklary üçin döredýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde, tejribeli mugallymlaryň ýolbaşçylygynda talyplar we mekdep okuwçylary internet arkaly geçirilýän halkara ylmy işleriň bäsleşiklerine we ders olimpiadalaryna işjeň gatnaşyp, uly üstünlikleri gazanýarlar. Ýakynda Moldowa Respublikasy tarapyndan onlaýn arkaly ýaşlaryň 25-nji halkara Balkan matematika olimpiadasy (JBMO — 2021) geçirildi. Oňa dünýäniň 21 döwletinden matematika höwesek ýetginjekler gatnaşdy. Garaşsyz Türkmenistandan mugallym Arslan Hojiýewiň ýolbaşçylygynda türkmen ýaşlarynyň 6-sy bu olimpiadada çykyş etdiler. Olar çözülmesi kyn meseleleriň dürs jogabyny tapmakda öz ukyp-başarnyklaryny ussatlyk bilen aýan etdiler. Onlaýn arkaly geçirilen olimpiadanyň jemi jemlenende ýeňijileriň hatarynda watandaşlarymyz Selim Halykow kümüş, Rahym Agamyradow bilen Süleýman Koçkarow bürünç medalyň eýeleri diýlip yglan edildi. Bu gazanylan üstünlik kalby buýsançly ýaşlar bilen birlikde ildeşlerimizi hem begendirdi. Ýeňijil

Bilim ulgamy kämilleşdirilýär

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda tejribeli hünärmenleri taýýarlamak, ýaşlaryň döredijilik ukybyny ýüze çykarmak, hemmetaraplaýyn ösen, öňdebaryjy nesli terbiýeläp ýetişdirmek babatda uly işler amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň milli bilim ulgamy ýokary derejelere çykarylýar. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny kämilleşdirmek we bilim ulgamyndaky oňyn, taryhy özgertmeleri kanunçylyk taýdan berkitmek maksady bilen, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş hem-de bilim edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi işlenip taýýarlanyldy we kabul edildi. Bu Kanun taýýarlanylanda hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, halkyň milli medeniýeti, däp-dessurlary, bilim babatda Durnukly ösüş maksatlary, halkara standartlary, Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy ÝUNESKO tarapyndan tassyklanan Bilim klassifikasiýasynyň Halkara standartlarynyň ýörelgeleri, halkara we sebitleýin konwensiýalardaky, jarnamalardaky kadalar göz öňünde tutuldy. Şeýle hem «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň ulgamyň örän uly kuwwatyny amala aşyrmak, bilim bermegiň täze ölçeglerini, öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmak, halkara guramalary hem-de dünýäniň okuw merkezleri bilen özara gatnaşyklary giňeltmek, şe

Işi guramagyň ygtybarly serişdesi

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň ähli ugurlary bilen bir hatarda informasion-telekommunikasiýa ulgamy düýpli özgerişliklere eýe boldy. Dünýä ylmynyň ýeten belent sepgitleriniň miwesi bolan informasion tehnologiýalar: habar beriş serişdeleriniň, radionyň, telewideniýäniň, gazet-žurnallaryň, telefon-telegraf, faks aragatnaşygy, internet, kompýuter ulgamynyň, öýjükli telefon aragatnaşygynyň geriminiň giňemegi ýurdumyzyň ykdysady, ylym-bilim kuwwatynyň görnetin ýokarlanmagyna ýardam etdi. Telekommunikasiýa ulgamynyň iň ygtybarly ugurlarynyň biri-de internetdir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen bu ulgamyň ösdürilmegi orta, ýörite we ýokary okuw mekdeplerinden başlap, ähli ugurlarda telekeçiligi, ylym-bilimi, hususyýetçilik işlerini çaltlandyrmaga ýardam etdi.

Baş maksat — okatmagyň usulyýetiniň kämilligi

Ýurdumyzda ylymly-bilimli nesilleri kemala getirmek, häzirki zamanyň öňdebaryjy tehnologiýalaryndan netijeli peýdalanmak, dünýäniň ösen tejribesini milli bilim ulgamyna ornaşdyrmak meselelerine uly üns berilýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, innowasiýalar ýurdumyzy ösdürmegiň binýady bolup, bilim bermek işiniň ösmegine uly mümkinçilikleri döretdi. Häzirki wagtda ösüşlere beslenýän ýurdumyzda adama diňe bir bilimleriň, başarnyklaryň we endikleriň kesgitli jemini almakdan başga-da, durmuşyň täze şertlerine uýgunlaşmak, dürli ýagdaýlarda ýüze çykýan meseleleri çözmegiň ýollaryny tapmak, öz öňüňde goýan maksatlaryňa ýetmek we netije çykarmagy başarmak zerurdyr. Bu işler öz şahsy işjeňligiňi guramagy, kommunikasiýa serişdelerine erk edip bilmegi, maglumatlary almagy we olardan peýdalanmagy talap edýär. Bu başarnyklaryň mekdebe çenli döwürde çagalaryň irki ýaşlaryndan kemala getirilip başlanmagy hem maksadalaýykdyr.

Bilim ulgamynyň kanunçylyk binýady

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek we onuň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Ýurdumyzda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň çäklerinde bilim edaralaryny häzirki zaman kompýuterleri, enjamlary, interaktiw we multimedia tehnologiýalary bilen üpjün etmek dowam etdirilýär. 2021-nji ýylyň 5-nji iýunynda bilim babatda gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny düzgünleşdirýän we döwlet syýasatynyň ýörelgelerini, şeýle hem bilim ulgamynyň maksatlaryny, wezipelerini, ýerine ýetirýän işlerini we onuň işini dolandyrmagyň guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanuny (rejelenen görnüşi) tassyklandy.

Okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek

Çaganyň mekdebe çenli döwri onuň hemmetaraplaýyn, şol sanda akyl ýetiriş, fiziki, duýgy, sözleýiş, ruhy taýdan ösüşiniň, bilesigelijiliginiň we göz öňüne getirmesiniň, döredijilik ukyplarynyň ösmegi üçin wajyp döwürdir. Hormatly Prezidentimiz öz çykyşlarynda bilim ulgamynda alnyp barylýan işleri has-da ösdürmek, halkara derejelerine kybap gelmegini üpjün etmek, ulgama häzirki zaman tejribesini, sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak meseleleriniň möhüm talapdygyny belleýär. Bu ugurda çagalary irki ýaşdan başlap terbiýelemek, okatmak, saglygyny goramak, şahsy başarnygyny ösdürmek üçin mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işiniň döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirilmelidigini nygtaýar.Täze türkmen jemgyýetçilik gurluşy, ylmyň, tehnikanyň örän çalt depginler bilen ösmegi, okatmagyň täze maglumat tehnologiýalarynyň döremegi, ýurdumyzyň dünýä bilim giňişligine goşulyşmagy okatmagyň, bilim bermegiň durmuşa kybapdaş täze usullaryny talap edýär. Çagalar baglarynyň öňünde täze maksatlara laýyklykda, jemgyýetimiziň ösüşiniň her bir döwründe okatmagyň mazmunyna, usullaryna, serişdelerine, öwretmegi guramagyň görnüşlerine, ýagny onuň usulyýet ulgamyna degişli bolan talaplar bardyr. Ýurdumyzyň dünýä bilim giňişligine goşulyşmagy bilim ulgamynyň ilkinji basgançagy bolan mekdebe çenli bilimiň mazmunyny, okatmagyň usulyýet ulgamynyň kämilleşdirilmegini talap edýär.

«Bagtyýar nesillerde» bagtly pursatlar

Ýurdumyzda ýaş nesliň kämil bilim, terbiýe almagy ugrunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taýsyz tagallalar edýär. Çagalaryň ýokary bilimli, zehinli, döredijilikli kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi bolsa olaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolmagy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şunda çagalaryň okuwdan daşary gowy dynç almaklary, wagtlaryny peýdaly, gyzykly geçirmekleri, sport bilen meşgullanmaklary üçin hormatly Prezidentimiz tarapyndan döwrebap çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri gurlup ulanylmaga berildi. Indi birnäçe ýyl bäri çagalar bu ýerlerde tomusky dynç alyş möwsüminde saglyklaryny berkidýärler, wagtlaryny şatlykly geçirýärler. Şeýle ýerleriň biri hem Gökderedäki «Bagtyýar nesiller» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezidir. Tebigatyň iň bir owadan ýerleriniň biri bolan Gökdere jülgesi jana şypaly howasy, ünsüňi özüne çekýän belent gaýaly daglary, ýaşyl öwsüp oturan baglary we olaryň arasyndan owaz edip akýan çeşme-çaýlary bilen çagalaryň ruhuny has-da belende göterýär. Olaryň ýerine ýetirýän aýdym-sazly çykyşlary bilen bu mekan has-da gözel keşbe eýe bolýar. Çagalar şeýle ajaýyp künjekde diňe bir dynç alman, eýsem, olar birek-birek bilen dostlaşýarlar.