Bilim ulgamy kämilleşdirilýär

9 Iýul 2021
1137

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda tejribeli hünärmenleri taýýarlamak, ýaşlaryň döredijilik ukybyny ýüze çykarmak, hemmetaraplaýyn ösen, öňdebaryjy nesli terbiýeläp ýetişdirmek babatda uly işler amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň milli bilim ulgamy ýokary derejelere çykarylýar. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny kämilleşdirmek we bilim ulgamyndaky oňyn, taryhy özgertmeleri kanunçylyk taýdan berkitmek maksady bilen, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş hem-de bilim edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi işlenip taýýarlanyldy we kabul edildi. Bu Kanun taýýarlanylanda hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, halkyň milli medeniýeti, däp-dessurlary, bilim babatda Durnukly ösüş maksatlary, halkara standartlary, Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy ÝUNESKO tarapyndan tassyklanan Bilim klassifikasiýasynyň Halkara standartlarynyň ýörelgeleri, halkara we sebitleýin konwensiýalardaky, jarnamalardaky kadalar göz öňünde tutuldy. Şeýle hem «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň ulgamyň örän uly kuwwatyny amala aşyrmak, bilim bermegiň täze ölçeglerini, öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmak, halkara guramalary hem-de dünýäniň okuw merkezleri bilen özara gatnaşyklary giňeltmek, şeýle hem bu ulgamy maliýeleşdirmek, dolandyrmak we gurluşyny düzmek bilen bagly wezipeleri çözmek üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny aýtmak gerek. Kanun 12 bapdan, 60 maddadan ybarat bolup, onda bilim babatda gatnaşyklaryň hukuk esaslary düzgünleşdirilýär we döwlet syýasatynyň ýörelgeleri, şeýle hem bilim ulgamynyň maksatlary, wezipeleri, onuň işini dolandyrmagyň guramaçylyk esaslary kesgitlenilýär.

Kanuna «Elektron okuwlar we uzak aralykly bilim tehnologiýalary arkaly bilim maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi», «Umumybilim edaralarynda ugur boýunça okuwlar», «Okaýanlaryň terbiýelenmegi», «Okaýanlary terbiýelemegiň esasy düzgünleri», «Okaýanlaryň bilim edaralarynda terbiýelenmegi», «Okaýanlaryň jemgyýetçilik birleşikleri», «Pedagogik işgärler üçin hünär standartlary», «Pedagogik bilim», «Pedagogik işgärleri bilim edaralaryna ýollamak», «Pedagogik işgärleriň wezipede ilerlemek ulgamy», «Pedagogik işgärleriň zähmet şertleri», «Bilim edaralarynyň dolandyrylyşy» atly täze maddalar girizildi. Şeýle hem umumybilim maksatnamalarynyň «Umumy orta bilim» maksatnamasynyň «Doly orta bilim» maksatnamasy hökmünde üýtgedilmegi bilen baglylykda, «Bilimiň basgançaklary», «Okaýanlaryň toparlary» we «Umumy orta bilim» atly maddalar täzeçe beýan edildi. Umumybilim edaralarynyň tutuş okuw döwründe okuwda we jemgyýetçilik işlerinde ýokary netijeleri görkezen uçurymlaryny altyn, kümüş we bürünç medallary bilen sylaglamak bilen baglanyşykly kadalar göz öňünde tutuldy. «Başlangyç hünär bilimi» düşünjesi kämilleşdirilip, «Hünär-tehniki bilim» diýlip üýtgedildi. Şeýle hem bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň işini häzirki döwrüň talaplaryna laýyk getirmek maksady bilen, onuň ygtyýarlyklaryna elektron maglumat ulgamyny döretmek, elektron resminama dolanyşygynyň alnyp barylmagyny üpjün etmek hem-de sanly hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen bagly kadalar girizildi.

Merdan DOSMEDOW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, TDP-niň Lebap welaýat komitetiniň başlygy.