Bilim binýady pugtalanýar

12 Iýul 2021
1268

Täze taryhy döwrümizde ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösen döwletleriň derejesine çykarmak, ýaş nesliň döwrebap bilim almagy üçin ähli şertleri döretmek babatynda guwandyryjy işler durmuşa geçirilýär. Bilim ulgamyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmaga, ýokary okuw mekdeplerinde bilimiň hilini dünýä derejesine çykarmaga gönükdirilen, milli we halkara tejribqni öz içine alýan özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy bolsa, bu ugurda möhüm ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň 9-njy iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetini, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetini, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyny, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyny, Türkmen döwlet maliýe institutyny, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyny hem-de Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetini hojalyk hasaplaşygyna geçirmek, şeýle-de Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi, Ýaş diplomatlaryň mekdebini hem-de Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümini açmak bilen baglanyşykly Kararlara gol çekmegi ýurdumyzda bilim ulgamyny özgertmegiň, ökde hünärmenleri taýýarlamagyň ýolunda ajaýyp waka öwrüldi. Ýurdumyzyň ykdysady, medeni, ylmy we tehnologik ösüşlerini mundan beýläk-de çaltlandyrmakda, bilim ulgamynyň binýatlyk ýörelgelerini, maksatlaryny, wezipelerini hem-de dolandyrylyşyny kämilleşdirmekde bu resminamalaryň ähmiýeti uludyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda hem ýokary hünärli kämil hünärmenler taýýarlanylýar. Institutymyzda binagärlik, gurluşygyň tehnikasy we tehnologiýasy, informatika we hasaplaýyş tehnikasy, elektronika, radiotehnika we aragatnaşyk ulgamlary, elektro we ýylylyk energetikasy, maşyngurluşyk, himiýa tehnologiýalary, materiallaryň tehnologiýasy, ykdysadyýet we dolandyryş, maglumat we kommunikasiýa tehnologiýasy, kartografiýa we geoinformatika ýaly ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlamakda ähli amatlyklaryň bolmagy has-da guwandyrýar. Bu bolsa, ýokary okuw mekdebimizde bilim alýan ýaşlaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmeginiň esasy şertini emele getirýär.

Maýsa ATABALLYÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.