Bilim işiniň sanlylaşdyrylmagy

12 Iýul 2021
985

Hormatly Prezidentimiziň aladasy netijesinde ýaş nesli hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmek üçin ähli şertler döredildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilimli, ýokary aň-düşünjeli, giň gözýetimli we giň dünýägaraýyşly ýaşlar kemala gelýär.

Sanly ykdysadyýete geçmek, ýönekeý dilde aýdylanda durmuşyň ähli ugurlaryny sanlylaşdyrmak ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi. Bazar gatnaşyklaryna mahsus şertlerde kämil hünärmenleri taýýarlamak işinde, olarda zähmet işine uýgunlaşmak we bäsleşige ukyplylyk ýaly häsiýetleri kemala getirmek hem-de ösdürmek esasy wezipeleriň birine öwrülýär. Şunda, zerur bolan bilimleriň sanly görnüşde alynmagyna möhüm ähmiýet berilýär.

Oguljan HÜMMÄÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.