Yhlasly zähmet — aýdyň netije

13 Iýul 2021
870

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli sebitlerindäki bilim ojaklarynda täze okuw ýylyny taýýarlykly garşylamak boýunça işler dowam edýär. Bilim işgärleri ösüp gelýän ýaş nesliň dünýä ülňülerine gabat gelýän, göwnejaý abatlaýyş işleri geçirilen ýagty, arassa mekdeplerde bilim almagy üçin yhlasly zähmet çekýärler. Bu işler Ak bugdaý etrabynyň 17-nji orta mekdebinde hem guramaçylykly alnyp barylýar.

Biziň mekdebimiz etrabymyzyň iň göreldeli mekdepleriniň biri bolup, onda zähmet çekýän mugallymlar ýaş nesilleriň kämil bilim-terbiýe almaklary üçin yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar. Täze okuw ýylyna taýýarlyk işlerine mekdebimiziň mugallymlary örän jogapkärçilikli çemeleşip, olaryň tutanýerli zähmetleriniň netijesinde okuw otaglarynda, sport meýdançalarynda, kompýuter otaglarynda, kitaphanada, dälizlerde abatlaýyş işleri geçirildi. Mekdebiň daşy agardylyp, otaglaryň ýagty, arassa bolmagyna aýratyn üns berildi. 2021 — 2022-nji okuw ýylynda 1-nji synpa 84 çagany okuwa kabul etmek meýilleşdirilýär, mekdebimizde bolsa jemi 742 okuwçy bilim-terbiýe alar.

Şemşat GELDIMYRADOWA,
Ak bugdaý etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary.