«Dürdäne» çagalara gujak açýar

12 Iýul 2021
1134

Ýaş nesilleriň dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap binalarda okap, dynç alyp, bilimli, aň-düşünjeli, berk bedenli, sagdyn ruhly bolup kemala gelmegi ugrunda birnäçe döwletli işler durmuşa geçirilýär. Çagalaryň dynç alyş möwsümlerini gowy geçirmekleri üçin ýurdumyzyň ähli ýerlerinde, şol sanda Balkan welaýatynda hem birnäçe binalar gurlup, ulanylmaga berilýär. Şol binalaryň biri-de «Dürdäne» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezidir. Bu bina 2016-njy ýylda ulanmaga berlip, birbada 300 çaganyň dynç almagyna ähli mümkinçilikler döredilipdir. Bu çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezi 86 otagdan ybarat bolup, sport meýdançalar, ýazky we gyşky howdanlar, sport zallary, kompýuter otaglary, kinoteatrlar, konsert bermek üçin açyk meýdança, myhmanhana, çeperçilik sungat otaglary, naharhana, kitaphana, mejlisler zaly bilen üpjün edilipdir. Bu ýere gelýän çagalaryň açyk howada dynç almaklary üçin seýilgähler hem gurlupdyr.

Mundan başga-da, çagalaryň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmaklary üçin bedenterbiýe hereketleri hem-de sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklaryna ähli mümkinçilikler bar. Çagalaryň dynç alýan wagtlarynyň dowamynda sport ýaryşlary guralyp, olar öz aralarynda dürli oýunlary oýnaýarlar.

Ýakup BERDIÝEW,
Serdar etrabynyň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň sport mekdebiniň usulyýetçisi.