Bilim ulgamynyň kanunçylyk binýady

8 Iýul 2021
1246

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek we onuň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Ýurdumyzda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň çäklerinde bilim edaralaryny häzirki zaman kompýuterleri, enjamlary, interaktiw we multimedia tehnologiýalary bilen üpjün etmek dowam etdirilýär.

2021-nji ýylyň 5-nji iýunynda bilim babatda gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny düzgünleşdirýän we döwlet syýasatynyň ýörelgelerini, şeýle hem bilim ulgamynyň maksatlaryny, wezipelerini, ýerine ýetirýän işlerini we onuň işini dolandyrmagyň guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanuny (rejelenen görnüşi) tassyklandy.

Baýram GURTMYRADOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Maglumat, seljeriş we halkara gatnaşyklary bölüminiň hukuk maslahatçysy.