Okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek

8 Iýul 2021
1012

Çaganyň mekdebe çenli döwri onuň hemmetaraplaýyn, şol sanda akyl ýetiriş, fiziki, duýgy, sözleýiş, ruhy taýdan ösüşiniň, bilesigelijiliginiň we göz öňüne getirmesiniň, döredijilik ukyplarynyň ösmegi üçin wajyp döwürdir. Hormatly Prezidentimiz öz çykyşlarynda bilim ulgamynda alnyp barylýan işleri has-da ösdürmek, halkara derejelerine kybap gelmegini üpjün etmek, ulgama häzirki zaman tejribesini, sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak meseleleriniň möhüm talapdygyny belleýär. Bu ugurda çagalary irki ýaşdan başlap terbiýelemek, okatmak, saglygyny goramak, şahsy başarnygyny ösdürmek üçin mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işiniň döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirilmelidigini nygtaýar.Täze türkmen jemgyýetçilik gurluşy, ylmyň, tehnikanyň örän çalt depginler bilen ösmegi, okatmagyň täze maglumat tehnologiýalarynyň döremegi, ýurdumyzyň dünýä bilim giňişligine goşulyşmagy okatmagyň, bilim bermegiň durmuşa kybapdaş täze usullaryny talap edýär.

Çagalar baglarynyň öňünde täze maksatlara laýyklykda, jemgyýetimiziň ösüşiniň her bir döwründe okatmagyň mazmunyna, usullaryna, serişdelerine, öwretmegi guramagyň görnüşlerine, ýagny onuň usulyýet ulgamyna degişli bolan talaplar bardyr. Ýurdumyzyň dünýä bilim giňişligine goşulyşmagy bilim ulgamynyň ilkinji basgançagy bolan mekdebe çenli bilimiň mazmunyny, okatmagyň usulyýet ulgamynyň kämilleşdirilmegini talap edýär.

Ogulmaral MATALOWA,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň Mekdebe çenli terbiýe we başlangyç bilim bölüminiň müdiri.