Rowaçlygyň aýdyň ýoly

11 Iýul 2021
986

Giň göwrümli we aýdyň maksatly beýik işleriň durmuşa geçirilýän döwründe eziz Diýarymyzda ylym-bilime aýratyn üns berilýär. Önümçiligiň ähli pudaklarynda ylmyň we öňdebaryjy tejribäniň gazananlarynyň ornaşdyrylmagy hem-de iň täze tehniki hem tehnologiki enjamlaryň netijeli peýdalanylmagy biziň ýeten belent sepgitlerimizde, gazanan üstünliklerimizde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz güýçli döwletde ylmyň esasy orny eýeleýändigini, biziň ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmelidigimizi belleýär. Milli Liderimiz Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy täze belentliklere ýetirmegiň esasy sütünleriniň biri bolan bilim-ylym ulgamyny düýpli özgertmegi we kämilleşdirmegi hemişe üns merkezinde saklaýar.

Dünýäde ylmy-tehniki ösüşleriň adamzada giňişleýin hyzmat edýän döwründe, ylmyň adamzadyň durmuşyna berk ornan döwründe ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryndan, ýaş alymlardan, talyplardan talap hem güýçlenýär. Ylmyň dürli ugurlary boýunça iň täze gazanylýan netijeler, açyşlar barada ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we mugallymlary, ylmy-barlag institutlarynyň ylmy işgärleriniň maglumat alyp bilmegi üçin ol ýerlerde Internet ulgamy hereket edýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde zehinli ýaşlar tejribeli professor-mugallymlaryň ýolbaşçylygynda ylym işlerini ýerine ýetirmäge yzygiderli we köpçülikleýin çekilýär. Şolaryň netijesinde türkmen ýaşlary ylmyň dürli pudaklary boýunça ylmy bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýärler.

Baýramberdi BAÝRYÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Hünär derejesini ýokarlandyryş bölüminiň başlygy.