Türkmen ýaşlarynyň halkara üstünligi

9 Iýul 2021
1268

Häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda berilýän bilimiň mazmuny, gurluşy, hili we netijeliligi döwrüň öňde goýan talaplaryna laýyklykda ösdürilýär. Bilimleri doly ele almagyň esasy maksady häzirki döwürde jemgyýetiň ösüşine laýyk gelýän pikirlenmäni kemala getirmekden ybaratdyr. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ýaşlarynyň ylym-bilim bilen içgin meşgullanmaklary üçin döredýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde, tejribeli mugallymlaryň ýolbaşçylygynda talyplar we mekdep okuwçylary internet arkaly geçirilýän halkara ylmy işleriň bäsleşiklerine we ders olimpiadalaryna işjeň gatnaşyp, uly üstünlikleri gazanýarlar.

Ýakynda Moldowa Respublikasy tarapyndan onlaýn arkaly ýaşlaryň 25-nji halkara Balkan matematika olimpiadasy (JBMO — 2021) geçirildi. Oňa dünýäniň 21 döwletinden matematika höwesek ýetginjekler gatnaşdy. Garaşsyz Türkmenistandan mugallym Arslan Hojiýewiň ýolbaşçylygynda türkmen ýaşlarynyň 6-sy bu olimpiadada çykyş etdiler. Olar çözülmesi kyn meseleleriň dürs jogabyny tapmakda öz ukyp-başarnyklaryny ussatlyk bilen aýan etdiler. Onlaýn arkaly geçirilen olimpiadanyň jemi jemlenende ýeňijileriň hatarynda watandaşlarymyz Selim Halykow kümüş, Rahym Agamyradow bilen Süleýman Koçkarow bürünç medalyň eýeleri diýlip yglan edildi. Bu gazanylan üstünlik kalby buýsançly ýaşlar bilen birlikde ildeşlerimizi hem begendirdi. Ýeňijiler öz ýürek buýsançlaryny şeýle beýan edýärler.

Gurbansähet GURBANSÄHEDOW,
«Nesil».