Çagalara meseleleri çözmegi öwretmek

11 Iýul 2021
1056

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamynda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeler miwesini berýär. Ýaşlara berilýän bilimiň hili ýokarlanýar. Olaryň giň dünýägaraýyşly, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan ýaşlar bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şunda ak mekdebe ilkinji gezek gadam basýan çagalaryň bilimler dünýäsine aralaşmagyny guraýan başlangyç synp mugallymlaryna hem uly jogapkärçilik düşýär.

Başlangyç synplarda çagalara bilim berlende öwrediji oýunlardan, dürli görnüşli ýönekeý logiki meselelerden peýdalanmak maksadalaýykdyr. Munuň özi çagalary gyzyklandyrýar, olaryň täze maglumatlary öwrenmäge bolan höwesini artdyrýar. Şonuň üçin-de, ýaňy alty ýaşyny dolduryp, ak mekdebe gadam basan çagalar bilen guraýan sapaklarymyň has-da täsirli bolmagyny gazanmakda oýunlardan yzygiderli peýdalanýaryn.

Sadat REÝIMOWA,
Farap etrabyndaky ýöriteleşdirilen 5-nji orta mekdebiň mugallymy.