Asylly terbiýäniň gözbaşy

11 Iýul 2021
1288

Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesli döwrebap terbiýelemek üçin döredip berýän mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanyp, çagalar bagymyzda okuw-terbiýeçilik işlerini talabalaýyk, ýokary hilli guraýarys. Şu maksat bilen okuw-terbiýeçilik işimize innowasion usullary, tehniki serişdeleri ornaşdyrmaga aýratyn üns berýäris. Munuň üçin çagalar bagymyzda ähli zerur bolan şertler döredilendir.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ulgamynda uly özgertmeler amala aşyrylýar. Olaryň baş maksady bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmekden ybaratdyr. Bu işler bolsa körpeler heniz mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýärkäler amal edilip başlanýar. Şunda çagalar baglarynyň terbiýeçileriniň öňünde çaganyň içki dünýäsini açmak, olara döwrebap terbiýe bermek, sowat öwretmek wezipesi durýar. Munuň üçin bolsa terbiýeçiler özlerine ynanylan çagalaryň her birini içgin tanamaly, onuň maşgala, durmuş şertlerine, gylyk-häsiýetine, gyzyklanmalaryna hem ymtylmalaryna belet bolmaly.

Jennet NAZARLIÝEWA,
Tejen şäherindäki 15-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi.