Bilim — bagtyň binýady

11 Iýul 2021
1558

Ýaşaýşyň gözelligi, ynsanlaryň bagtyýarlygy, ýaşlaryň geljegi ýurtda alnyp barylýan bilim syýasaty bilen baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň döwrebap bilim almagy üçin giň mümkinçilikleri döredýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň baş maksady halkyň eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Bu asylly maksada ýetmekde jemgyýetiň hemmetaraplaýyn kämilleşmegine, ruhy dünýäsiniň baýlaşmagyna, ylym-bilim ulgamlarynda düýpli özgertmeleriň geçirilmegine uly orun degişlidir. Häzirki wagtda bilim ulgamynyň meselelerine döwlet tarapyndan yzygiderli üns berilmek bilen, giň gözýetimli, täzeçe pikirlenmegi başarýan, döwrüň ösen talaplaryna düşünýän, innowasiýalara esaslanýan ykdysadyýeti ösdürmäge goşant goşup bilýän ýaşlary terbiýelemek möhüm wezipe bolup durýar. Hut şonuň üçin Gahryman Arkadagymyz bilim ulgamyna durmuş-ykdysady ösüşe kuwwatly itergi berýän, jemgyýeti ösdürýän güýç hökmünde uly ähmiýet berýär. Milli Liderimiz bu ulgamyň mundan beýläk-de ösmegine, ýurduň intellektual kuwwatynyň ýokarlanmagyna aýratyn üns berýär. Ýurdumyzda ýaş nesil bilen geçirilýän okuw-terbiýeçilik işiniň kämilleşdirilmegi ilkinji derejeli işleriň hatarynda durýar. Şu maksat bilen Türkmenistanda 12 ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasy tassyklanyldy.

Maýsa KURBANOWA,
Mary welaýat prokurorynyň Hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji, 2-nji derejeli ýurist.