Işler guramaçylykly alnyp barylýar

11 Iýul 2021
1029

Eziz Diýarymyzyň ähli bilim ojaklarynda täze okuw ýylyny ýokary derejede garşylamak babatda uly işler ýaýbaňlandyrylýar. Şonuň bilen baglylykda, täze okuw ýylyna taýýarlygyň iň gyzgalaňly döwri dowam edip, ýurdumyzyň bilim işgärleri bu babatda uly tagalla edýärler. Olar ösüp gelýän ýaş nesliň durky täzelenen, göwnejaý abatlaýyş işleri geçirilen ak mekdeplerde bilim almagy üçin yhlasly zähmet çekýärler. Bu işler Çärjew etrabyndaky 27-nji orta mekdepde hem göwnejaý guralýar.

Biziň mekdebimizde ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermekde tejribeli mugallymlarymyza uly orun degişlidir. Şonuň üçin-de bilim ojagymyz etrapdaky göreldeli mekdepleriň hatarynda. Hususan-da, okuwçylarymyz ders we taslama bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda oňat netijeleri gazanýarlar. Bu bolsa mugallymlaryň çekýän yhlasly zähmetiniň buýsandyryjy netijeleridir.

Dilaram BABAKULYÝEWA,
Çärjew etrabyndaky 27-nji orta mekdebiň mugallymy.