«Bagtyýar nesillerde» bagtly pursatlar

8 Iýul 2021
935

Ýurdumyzda ýaş nesliň kämil bilim, terbiýe almagy ugrunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taýsyz tagallalar edýär. Çagalaryň ýokary bilimli, zehinli, döredijilikli kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi bolsa olaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolmagy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şunda çagalaryň okuwdan daşary gowy dynç almaklary, wagtlaryny peýdaly, gyzykly geçirmekleri, sport bilen meşgullanmaklary üçin hormatly Prezidentimiz tarapyndan döwrebap çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri gurlup ulanylmaga berildi. Indi birnäçe ýyl bäri çagalar bu ýerlerde tomusky dynç alyş möwsüminde saglyklaryny berkidýärler, wagtlaryny şatlykly geçirýärler.

Şeýle ýerleriň biri hem Gökderedäki «Bagtyýar nesiller» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezidir. Tebigatyň iň bir owadan ýerleriniň biri bolan Gökdere jülgesi jana şypaly howasy, ünsüňi özüne çekýän belent gaýaly daglary, ýaşyl öwsüp oturan baglary we olaryň arasyndan owaz edip akýan çeşme-çaýlary bilen çagalaryň ruhuny has-da belende göterýär. Olaryň ýerine ýetirýän aýdym-sazly çykyşlary bilen bu mekan has-da gözel keşbe eýe bolýar. Çagalar şeýle ajaýyp künjekde diňe bir dynç alman, eýsem, olar birek-birek bilen dostlaşýarlar.

Honçagül TÄŞLIÝEWA,
Ak bugdaý etrabyndaky 19-njy orta mekdebiň mugallymy.