Baş maksat — okatmagyň usulyýetiniň kämilligi

9 Iýul 2021
1290

Ýurdumyzda ylymly-bilimli nesilleri kemala getirmek, häzirki zamanyň öňdebaryjy tehnologiýalaryndan netijeli peýdalanmak, dünýäniň ösen tejribesini milli bilim ulgamyna ornaşdyrmak meselelerine uly üns berilýär.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, innowasiýalar ýurdumyzy ösdürmegiň binýady bolup, bilim bermek işiniň ösmegine uly mümkinçilikleri döretdi. Häzirki wagtda ösüşlere beslenýän ýurdumyzda adama diňe bir bilimleriň, başarnyklaryň we endikleriň kesgitli jemini almakdan başga-da, durmuşyň täze şertlerine uýgunlaşmak, dürli ýagdaýlarda ýüze çykýan meseleleri çözmegiň ýollaryny tapmak, öz öňüňde goýan maksatlaryňa ýetmek we netije çykarmagy başarmak zerurdyr. Bu işler öz şahsy işjeňligiňi guramagy, kommunikasiýa serişdelerine erk edip bilmegi, maglumatlary almagy we olardan peýdalanmagy talap edýär. Bu başarnyklaryň mekdebe çenli döwürde çagalaryň irki ýaşlaryndan kemala getirilip başlanmagy hem maksadalaýykdyr.

Ogulmaral MATALOWA,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň mekdebe çenli terbiýe we başlangyç bilim bölüminiň müdiri.