"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Kuwwatly ösüşleriň depginli gadamlary

Ata Watanymyzyň ykdysady we syýasy ösüşiniň möhüm ugurlarynyň biri hem ýurtda ylmyň kämil derejelere ýetip, ýaş nesliň bilimli, tejribeli hünärmenler bolup ýetişmegidir. Mähriban Diýarymyzda bilim ulgamynyň we ylmyň kämilleşdirilmegi döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu ulgamy has-da kämilleşdirmek, ýaşlara berilýän bilimiň hilini dünýä derejesine laýyk getirmek, täze bilim edaralaryny gurup, olary döwrebap okuw kitaplary we gollanmalary bilen üpjün etmek, ulgama täze okuw-tehniki enjamlary, interaktiw multimediýa tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda netijeli işler alnyp barylýar. “Ýaşlarymyzyň ýokary derejede bilim almagyna, saýlan hünäriniň eýesi bolmagyna ýardam bermek ýurdumyzda alnyp barylýan ähli özgertmeleriň özenidir” diýýän hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyny ösdürmek babatdaky alyp barýan syýasaty netijesinde, 2013 — 2014-nji okuw ýylynda umumy orta bilim berýän mekdeplerde okuw möhletiniň 12 ýyla geçilmegi ýaşlara bilim bermek işinde möhüm çözgüt boldy. Ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdepleriniň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň meýilnamasyna täze sapaklardyr döwrüň talap edýän hünärleriniň goşulmagy bolsa ýaşlaryň bilimlilik derejesiniň artmagyna, dünýägaraýşynyň giňemegine, olaryň ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda üstünlikli zähmet çekmäge ukyply ussat hünärmenler bolup ýetişmeklerine täsirini ýetirýär. Orta mekdeple

Sudoku — gyzykly tapmaça

«Sudoku» ýapon dilinden terjime edilende, «aýratyn duran san» («su» —«san», «doku» — «ýeke özi») diýen manyny berýär. Oýnuň ady ýapon sözi bolsa-da, sanly tapmaça 2000 ýyl mundan öň Hytaýda döräpdir. Gadymy oýunda 3x3 öýjükden ybarat kwadrat 1-den 9-a çenli sanlar bilen doldurylypdyr. Şonda sanlaryň jemi dikligine, keseligine, gytaklaýyn goşulanda-da deň çykmaly eken. Häzirki sudoku oýnunyň kada-kanunlaryny kesgitlän XVIII asyr şweýsar matematigi Leonard Eýlerdir. Onuň 1776-njy ýylda ýazan belliklerinde sanly tapmaçany 9x9, 16x16, 25x25, 36x36 öýjükden düzüp boljakdygy, sanlaryň dik hem kese sütünlerde gaýtalanmaly däldigi takyk düşündirilipdir.

Bilim basgançagynyň binýady

Ertekiler halk döredijiliginiň çaganyň terbiýesine iň täsirli görnüşleriniň biri. Şonuň üçin hem mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynda geçilýän sapaklarda ertekilerden peýdalanmak çagalaryň sapagy gowy özleşdirmeklerine ýardam edýär. Eýsem, çagalykdan aňymyza ornan ertekilerden we olaryň meşhur gahrymanlaryndan matematika sapagynda nähili peýdalanyp bolarka? Hut şu meselede birnäçe wagtyň dowamynda toplan tejribämi we peýdaly maglumatlarymy kärdeşlerimiz bilen hem paýlaşmak isledim. Umuman, matematikany edebiýat, şol sanda halk döredijiligi bilen baglanyşdyryp öwretmek täsirli usullaryň biri. Berilýän sowallary goşgy setirlerine geçirmek bolsa olaryň çaganyň aňynda gowy galmagyna ýardam edýär. «Ertekili matematika» atly oýun bolsa olary sapaga has ýakynlaşdyrýar. Bu oýnuň, mysal üçin, geçilenleri gaýtalamak sapagynda peýdalanylyşyna üns bereliň!

Bagtyň gözbaşy

Çaga özünden ululara seredip edep-terbiýe alýar. Olar oturyp-turmagy, salamlaşmagy, gürlemegi uly ýaşly adamlardan öwrenýärler. Hut şonuň üçin çaganyň ýanynda ýaramaz sözleri aýtmaly däl, özüňe gelişmeýän hereketlerden daşda bolmaly. Her bir ata-ene öz çagasy bilen ýakyndan gatnaşykda bolsa, ýagny, enelerimiz gyz çagalaryna tikin tikmegi, nahar bişirmegi, atalar ogullaryna ýer depmegi, baglara ideg etmegi, mallara ot-iým bermegi öwretse, olarda zähmetsöýerlige, erjellige bolan garaýyşlaryny ösdürer. Asylly gyzyň mertebesi hem belent bolýar. Ol özleriniň edep-terbiýesi bilen dessine tapawutlanýar. Gyz maşgala köpçülikde has-da tanalýar. Edep-ekramly gyzlar özleriniň az gürlemekleri, utanjaňlyklary, zähmetsöýerligi bilen dessine köpe özüni aldyrýar. Munuň şeýle bolmagy bolsa beýleki gyzlaryň hem şol edepli gyza meňzemeklerine uly itergi berýär. Gyz çaganyň terbiýesinde enäniň üstüne has-da uly jogapkärçilik düşýär. Sebäbi ol enesiniň edýän işine, gürleýşine, hereketine içgin seredip ulalýar, ösýär. Ene-ata bolsa çagasynyň isleg-arzuwy bilen gyzyklanyp durmaly. Olaryň ulalanlarynda haýsy hünäri saýlajakdyklary barada gürrüň etmeli.

Usuly-amaly okuwlar guraldy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny uly dabaralara besläp, uludan bellemäge giňden taýýarlyk görülýän günlerde bilim ulgamyny kämilleşdirmek, sanly bilim ulgamyny durmuşymyza çuňňur ornaşdyrmak, ýaş nesle ösen döwrüň talaplaryna laýyk derejede bilim, terbiýe bermek barada öňde durýan wezipeleri amala aşyrmak, 2020-2021-nji okuw ýylynyň jemini jemlemek hem-de 2021-2022-nji okuw ýylynda öňde durýan maksatnamalaýyn işleri ýerine ýetirmegiň ugurlaryny kesgitlemek maksady bilen, welaýatymyzyň etrapdyr şäherlerinde awgust aýynyň 16 — 18-i günlerinde «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar bilen bilim işgärleriniň üç günlük usuly-amaly okuwlary geçirildi. Oňa welaýatymyzyň ähli bilim-terbiýeçilik edaralarynda zähmet çekýän bilim işgärleri gatnaşdylar. Usuly-amaly okuwlar geçirilen mekdeplerde döredijilikli işleýän mugallymlaryň iş tejribeleri boýunça hem-de hormatly Prezidentimiziň gymmatly kitaplarynyň many-mazmunyny açyp görkezýän sergiler guraldy.

Bilimler mekany

Danalar: «Ylym-bilim iň gymmatly baýlykdyr» diýip, örän ýerlikli aýdypdyrlar. Her kimiň okap, öwrenip, ele alan ylym-bilim gory, ilki bilen onuň öz durmuşyna eşret goşýar. Il-halkyň bolelin ýaşamagy, ýaş nesliň ýagty geljegi ugrunda alada edilýän her bir döwletde raýatlaryň bu mirasdan paýly bolmagyna ýeterlik ähmiýet berilýär. Biz muňa Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň mysalynda aýdyň göz ýetirýäris. Ata Watanymyzda maşgaladan gözbaş alýan nesil terbiýesi mekdebe çenli çagalar edaralarynda, orta mekdeplerde ýola goýulýan bilim-terbiýeçilik işleri bilen sazlaşyp, günsaýyn ösýär we kämilleşýär. Ýaş nesliň ylymly-bilimli, kärli-hünärli bolmagy, watansöýüjiligiň, zähmetsöýerligiň, arassa ahlaklylygyň belent ruhunda terbiýelenmegi, bedenterbiýe, sport, döredijilik bilen meşgullanmagy olaryň durmuşda öz mynasyp ornuny tapmagyna we ýurduň köpugurly ösüşlerine öz goşantlaryny goşmaklaryna giň ýol açýar. Ylymly-bilimli, beden we ruhy taýdan sagdyn nesliň ösüp kemala gelmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyz milli bilim ulgamynyň berk binýadyny döredip berdi. Bu günki gün güneşli Diýarymyzyň paýtagtynda we ähli welaýatlarynda häzirki zaman binagärlik nusgalarynda gurlan, ösen tehnologiýa enjamlary bilen üpjün edilen, ak mermerli mekdepler hereket edýär. Olarda ýaş nesle ylym-bilim bermekligiň usullary döwrebap kompýuterleri, multimedia, lingafon enjamlaryny işjeň peý

Ýady ýiteltmegiň ýedi ýoly

Awtoulagyňyzyň ýa-da öýüňiziň ýitirilen açarlaryny tapyp bileňzokmy? Almaly azyk önümleriňiziň sanawyny ýatdan çykardyňyzmy? Sport zalynda sizi türgenleşdirýän tälimçiňiziň adyny unutdyňyzmy? Diýmek, menem, sizem ýeke däl... Men internet ulgamynda tötänleýin gabat gelen aşakdaky maglumatlary okamazymdan öň dagy, gowşak ýatkeşligimi «melhemsiz derdim» diýibem atlandyrypdym. Aslynda welin, gowşak ýatkeşligimizi däri-dermansyz kämilleşdirmegem, ýatkeşligimizi gowşatmagam özümize bagly eken. Ýadyň peselmeginiň öňüni almak barada okan maglumatlarymy terjime edip, siz bilenem paýlaşmagy makul bildim.

Bilimli nesil — Watan daýanjy

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylymyzda Türkmenistan öz Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk toýuny toýlar. Özygtyýarly ösüş ýolunda geçilen 30 ýylyň dowamynda ýurdumyzda asyrlara barabar işler amala aşyryldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň bize beren miweleri sanardan kän. Täze taryhyny, milli döwletini kemala getirmekde halkymyzyň öz ýoluny tapandygyna biziň asuda, parahat durmuşymyz, okgunly ösüşlerimiz, dünýäniň beýleki ýurtlary bilen ýola goýlan dostlukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarymyz şaýatlyk edýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ösüşiniň ähli ugurlarynda döwrebap özgertmeler amala aşyrylýar. Ýaşlaryň bagtyýar geljegini üpjün etmek, olaryň ylymly-bilimli, giň düşünjeli, täze tehnologiýalardan baş çykarýan adamlar bolup ýetişmekleri üçin uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki döwürde dünýäniň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň hataryna ynamly goşulan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda ýaşlaryň hukuklary ygtybarly goralyp, ýaşaýyş we durmuş derejesi yzygiderli ýokarlandyrylýar.

Maslahatly iş — oňyn netije

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde abadan we eşretli durmuşymyzyň gözbaşy hasaplanýan bilim ulgamyny döwrebap kämilleşdirmäge döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. Mähriban Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri-de bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ylymly-bilimli ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek hasaplanýar. Bu wezipeleri durmuşa geçirmekde bilim işgärleriniň awgust usuly-amaly okuwlarynyň ähmiýeti uludyr. Bilim işgärleriniň awgust usuly-amaly okuwlarynda aýry-aýry ders mugallymlarynyň we mekdep ýolbaşçylarynyň iş tejribeleri öwrenilýär. Ýaş hünärmenlere degerli maslahatlar berilýär. Okatmagyň döwrebap we kämil usullary hödürlenýär.

Tejribäniň möhüm ähmiýeti

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjeklerindäki bilim-terbiýeçilik edaralarynda täze okuw ýylyna taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Olaryň çäklerinde mekdep binalarynyň abadanlaşdyrylyşyna, okuw-usuly enjamlaryň guratlygyna, şonuň bilen birlikde-de, mugallymlaryň hünär derejesiniň kämilleşdirilmegine aýratyn üns berilýär. Şunda bilim işgärleriniň awgust maslahatlary hem-de usuly-amaly okuwlary uly ähmiýete eýedir. Mälim bolşy ýaly, ýaşlara bilim bermek örän jogapkärli iş. Şoňa görä-de, onuň hötdesinden gelmegiň öz usulyýeti bar. Bilim bermegiň, okatmagyň, terbiýelemegiň netijeliligi hem şol usulyýetiň kämilligine, döwrebaplygyna baglydyr. Şundan ugur alyp, hünärmenler, ussat pedagoglar okatmagyň usulyýeti boýunça köp iş alyp barypdyrlar, hatda bu barada ýörite ylmy ugry hem esaslandyrypdyrlar.

Sapakda nakyllardan peýdalanmak

Halkymyzyň döreden nakyllary we atalar sözi milli gymmatlyklarymyzdyr. Olaryň ähmiýeti barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda: «Müňýyllyklaryň dowamynda döredilip, timarlanyp gelnen nakyllardyr atalar sözlerini pederlerimiziň umman ýaly çuňňur akyl-paýhas hazynasy, mydama dogry ýol salgy berýän şamçyrag — maslahatçy diýip aýtmak bolar. Nakyllarda ençeme nesilleriň durmuş tejribesinde taplanan halk parasaty, gündelik durmuşda öwran-öwran başdan geçirilen hadysalardan gelip çykýan dogry çözgütler, gymmatly sargyt-maslahatlar öz beýanyny tapypdyr» diýip belleýär. Halk döredijiliginden nakyllaryň, atalar sözüniň manysyny okuwçylara düşündirmek möhüm ähmiýete eýedir we munda mugallymlara uly orun degişlidir. Çünki nakyllarda, atalar sözünde ahlak gymmatlyklary wagyz edilýär. Hut şu nukdaýnazardan, beýleki dersler bilen birlikde, başlangyç synplaryň okuw we ýazuw sapaklarynda nakyllardan, atalar sözünden peýdalanýaryn. Olarda aýdylýan öwütleri, paýhas dürdänelerini okuwçylaryň aňyna ýetirmäge çalyşýaryn. Bu işde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitap esasy gollanma bolup durýar.

Okuwçylarda tebigata söýgi döretmek

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda ösüşiň täze belentliklerine sary barýan eziz Diýarymyzda amala aşyrylýan işleriň her biri buýsanç duýgularymyzy goşalandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen amal bolýan bu beýik işleriň netijesinde Watanymyzyň berk binýady kemala gelýär. Şeýle hem giň möçberli özgertmeler halkymyzyň ösüşli geljegi hakyndaky aladalara ýugrulandyr. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ylym-bilime aýratyn üns berilýär. Bilim işgärleriniň awgust usuly-amaly okuwlarynyň geçirilýän günlerinde sapaklary guramak, ýaşlara bilim öwretmek bilen baglanyşykly çykyşlar yzygiderli beýan edilýär. Biologiýa mugallymlarynyň göreldeli iş tejribeleri öwrenilýär. Okatmagyň täze we döwrebap usullary mugallymlara ýetirilýär.

Kämilligiň binýady

Ýurdumyzda ylymly-bilimli nesilleri kemala getirmek, häzirki zamanyň öňdebaryjy tehnologiýalaryndan netijeli peýdalanmak, dünýäniň ösen tejribesini milli bilim ulgamyna ornaşdyrmak meselelerine uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan bilim ulgamyny ösdürmek, kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan göwrümli işler özüniň oňyn netijelerini berýär. Umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň halkara olimpiadalarynda gazanýan üstünlikleri munuň aýdyň mysalydyr. Döwlet Baştutanymyz dünýäniň sanly tehnologiýalar babatda öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyny, her bir raýatyň ösen tehnologiýalardan baş çykaryp bilmegini wezipe edip goýdy. Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň maksady ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmekden, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakdan, hilini ýokarlandyrmakdan, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekden ybaratdyr. Bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakda sapaklarda täze tehnologiýalary ulanmagyň ähmiýeti uludyr. Umumybilim berýän orta mekdeplerde bilim we terbiýe bermegiň utgaşdyrylan usullaryny kämilleşdirmek, elbetde, bilim işgärleriniň ýagny, mugallymlaryň paýyna düşýär. Bilim berlişiň hiliniň ýoka

Hili gowy harytlar

Täze taryhy eýýamda döwletimiziň berkararlygyny, döwrümiziň bagtyýarlygyny, durmuşymyzyň abadanlygyny, şeýle hem «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygara laýyklykda, halkymyz, şol sanda ýaş nesiller barada edilýän aladany dabaralandyrýan mysallar köp. Şolaryň her birinde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşi, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýyş-durmuşy öz beýanyny tapýar. Muňa şu günler täze 2021 — 2022-nji okuw ýylyny taýýarlykly garşylamak boýunça alnyp barylýan işleriň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze okuw ýylyna taýýarlanmak meselesine ünsi çekip, bilim ojaklarynyň binalarynda abatlaýyş işleriniň öz wagtynda hem-de ýokary hilli geçirilmelidigini belledi. Gahryman Arkadagymyzyň bu babatda öňde goýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirilip, abatlaýyş işleri ýokary hilli ýerine ýetirilen we täze okuw ýylyna taýýar edilen orta mekdepler ýurdumyzda örän köp.

Bilim binýady berkidilýär

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiz gülläp ösýär, halkymyz asuda, abadan ýurdumyzda erkana ýaşaýar, döredýär we gurýar. Şeýle ösüş-özgertmeli döwrümizde bilim ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn üns gönükdirilýär. Bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady düýpli berkidildi, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasy işlenip taýýarlanyldy hem-de ony durmuşa geçirmek işleri barha işjeňleşýär. “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän şu şanly ýylymyzda “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi bu ulgamyň ösüşine täze itergi boldy. Kanunyň rejelenen görnüşi bilim ulgamynda gatnaşyklaryň hukuk binýadyny düzgünleşdirýär, döwlet syýasatynyň ýörelgelerini we bilim ulgamynyň maksatlaryny, wezipelerini hem-de işini dolandyrmagyň guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär. Bilim ulgamynyň örän uly kuwwatyny amala aşyrmakda, bilim bermegiň täze ölçeglerini, öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmakda, dünýäniň okuw merkezleri bilen özara gatnaşyklary giňeltmekde, şeýle hem bu ulgamy maliýeleşdirmek, dolandyrmak we gurluşyny düzmek bilen bagly wezipeleri çözmekde gürrüňi edilýän resminama täze mümkinçilikleri açýar.

Bosagada — täze okuw ýyly

Tomusky dynç alyş möwsümi tamamlanyp barýar. Ýene-de sanlyja günlerden täze okuw ýylynyň başlanandygynyň buşlukçysy bolup, ak mekdeplerde jaň sesi ýaňlanar. Tomusky dynç alşyň dowam edýän günlerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hereket edýän mekdep bazarlary, göçme söwda nokatlary adamlaryň iň bir gelim-gidimli ýerine öwrüldi. Mekdep bazarlarynda bolanyňda, okuwçylaryň täze okuw ýylyna ykjam taýýarlyk görýändiklerini synlamaga mümkinçilik tapýarsyň. Biz mekdep bazarlarynyň işi bilen gyzyklanyp, paýtagtymyzyň «Gülüstan», «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy», «Parahat» söwda merkezlerinde, «Altyn asyr» gündogar bazarynda bolanymyzda, okuwçylardyr talyplaryň okuw esbaplarynyň dürli görnüşlerini, okuw lybaslaryny we beýleki zerur harytlary höwes bilen satyn alýandyklarynyň şaýady bolduk. Ene-atalar çagalary üçin sport egin-eşiklerini, aýakgapdyr okuw esbaplaryny satyn alýarlar. Olar mekdep bazarynda özlerine gerekli harytlary almaga kömek edýän mylakatly satyjylaryň medeniýetli hyzmatyndan hoşal bolup gidýärler. Satyjylar bolsa müşderileriň isleglerini yzygiderli öwrenip, olary bellige alyp, köpçüligiň göwnünden turýan okuw esbaplarynyň we mekdep harytlarynyň üstüni dolduryp durýarlar.

Muny bilmek gyzykly

Ilkinji basgançaklardan başlap soňsuzlyga uzap gidýän ylmyň başky ädimleri, elbetde, durmuşymyzyň täze sahypasy bolan mekdepde başlanýar. Dünýäniň dürli ýurtlarynda gabat gelýän täsin mekdepler, bilim berliş aýratynlyklary, ähli çagalary sabyrsyzlyk bilen garaşdyrýan mekdebiň ilkinji güni barada ençeme gyzykly maglumatlara duş gelmek bolýar. Bular dogrusynda sözümizi dowam etsek... ÄHLI ÝERDE 1-nji SENTÝABRMY?!

Tomsuň şadyýan pursatlary

Halkymyz ruhy we beden taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekligi gadymy döwürlerden bäri mizemez durmuş ýörelgeleriniň birine öwrüpdir. Häzirki täze taryhy eýýamda halkymyzyň bu nusgalyk durmuş ýörelgesi hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mazmun taýdan has-da baýlaşdy. Döwletimiziň ähli künjeginde ýaşlar üçin döwrebap enjamlar bilen abzallaşdyrylan çagalar baglary, mekdepler, sagaldyş-dynç alyş merkezleri, seýilgähler gurlup, ulanylmaga berildi. Şol döwrebap bilim ojaklarynda bolsa, ýaşlary sagdyn bedenli, ylymly-bilimli şahsyýetler edip ýetişdirmek ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Çagalar bagymyzda hem hormatly Prezidentimiziň bilim işgärleri üçin döredip berýän mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanmak arkaly körpelere döwrebap bilim-terbiýe bermekde yhlasymyzy gaýgyrman zähmet çekýäris. Güneşli tomus paslynyň dowam edýän şu günlerinde çagalar bagymyza gatnaýan körpelere ilki bilen sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi, ula hormat goýmagy, kiçini sylamagy öwredýäris. Olara dürli mowzukly çykyşlaryň, gysgajyk sahnalaryň üsti bilen arassaçylyk kadalaryny doly we dogry berjaý etmegi, ýiti Gün şöhlesinden goranmagy ündeýäris. Bu bolsa olaryň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeklerine kömek edýär.

Bilim ummanynyň gämileri

Lebap welaýatynda öňümizdäki okuw ýylyna gabatlap, mekdepleri abatlamak bilen bir hatarda täzeleri hem gurulýar. Bosagada duran täze okuw ýylynda Türkmenabat şäherindäki mekdepleriň käbirinde ýörite synplary açmak meýilleşdirilýär. Olarda okuwçylara maglumat tehnologiýalaryny çuňňur özleşdirmäge, okuwdan daşary oýlap tapyşlar bilen meşgullanmaga ähli mümkinçilikler dörediler.

Sanly bilim — täze başlangyçlara badalga

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda milli ylym we bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi, hususan-da, ýokary hünärli ýaş hünärmenleriň, alymlaryň ýaş nesliniň taýýarlanmagy, şeýle hem bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Bilim babatdaky jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän, bilim ulgamynyň maksatlaryny, wezipelerini, hyzmatlaryny we onuň işini dolandyrmagyň tertibini kesgitleýän «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap mekdepleriň we çagalar baglarynyň gurluşygynyň ýaýbaňlandyrylmagy, täze, ýokary hilli okuw kitaplarynyň taýýarlanylmagy we çap edilmegi, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň açylmagy hem-de olarda täze ugurlaryň girizilmegi, sanly bilim ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy bu ugurda ädilen uly ädimler boldy. Sanly bilim ulgamy — bu bilim bermegiň ähli basgançaklarynda okatmagyň maksatnamalaryny ýokary hilli elektron materiallar (elektron kitaplar, elektron seminarlar we beýlekiler) hem-de degişli usullar (uzak aralykdan bilim bermek we başgalar) esasynda kämilleşdirmekdir, internetiň mümkinçiliklerini bilim bermek we bu ugurda ýakyndan aragatnaşyk saklamak üçin peýdalanmakdyr. Ösen kompýuterçilik tilsimatyna daýanýan häzirki zaman jemgyýetinde ynsanyň iň gymmatly serişdesiniň wagtdygyny nazara alanymyzda, sanly bilim ulgamy diňe bir wag