Bilim basgançagynyň binýady

18 Awgust 2021
1614

Ertekiler halk döredijiliginiň çaganyň terbiýesine iň täsirli görnüşleriniň biri. Şonuň üçin hem mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynda geçilýän sapaklarda ertekilerden peýdalanmak çagalaryň sapagy gowy özleşdirmeklerine ýardam edýär. Eýsem, çagalykdan aňymyza ornan ertekilerden we olaryň meşhur gahrymanlaryndan matematika sapagynda nähili peýdalanyp bolarka? Hut şu meselede birnäçe wagtyň dowamynda toplan tejribämi we peýdaly maglumatlarymy kärdeşlerimiz bilen hem paýlaşmak isledim.

Umuman, matematikany edebiýat, şol sanda halk döredijiligi bilen baglanyşdyryp öwretmek täsirli usullaryň biri. Berilýän sowallary goşgy setirlerine geçirmek bolsa olaryň çaganyň aňynda gowy galmagyna ýardam edýär. «Ertekili matematika» atly oýun bolsa olary sapaga has ýakynlaşdyrýar. Bu oýnuň, mysal üçin, geçilenleri gaýtalamak sapagynda peýdalanylyşyna üns bereliň!

Jemile GAIPOWA,
Kerki etrabyndaky 6-njy «Şöhlejik» çagalar bagynyň terbiýeçisi.