Bagtyň gözbaşy

18 Awgust 2021
901

Çaga özünden ululara seredip edep-terbiýe alýar. Olar oturyp-turmagy, salamlaşmagy, gürlemegi uly ýaşly adamlardan öwrenýärler. Hut şonuň üçin çaganyň ýanynda ýaramaz sözleri aýtmaly däl, özüňe gelişmeýän hereketlerden daşda bolmaly. Her bir ata-ene öz çagasy bilen ýakyndan gatnaşykda bolsa, ýagny, enelerimiz gyz çagalaryna tikin tikmegi, nahar bişirmegi, atalar ogullaryna ýer depmegi, baglara ideg etmegi, mallara ot-iým bermegi öwretse, olarda zähmetsöýerlige, erjellige bolan garaýyşlaryny ösdürer.

Asylly gyzyň mertebesi hem belent bolýar. Ol özleriniň edep-terbiýesi bilen dessine tapawutlanýar. Gyz maşgala köpçülikde has-da tanalýar. Edep-ekramly gyzlar özleriniň az gürlemekleri, utanjaňlyklary, zähmetsöýerligi bilen dessine köpe özüni aldyrýar. Munuň şeýle bolmagy bolsa beýleki gyzlaryň hem şol edepli gyza meňzemeklerine uly itergi berýär. Gyz çaganyň terbiýesinde enäniň üstüne has-da uly jogapkärçilik düşýär. Sebäbi ol enesiniň edýän işine, gürleýşine, hereketine içgin seredip ulalýar, ösýär. Ene-ata bolsa çagasynyň isleg-arzuwy bilen gyzyklanyp durmaly. Olaryň ulalanlarynda haýsy hünäri saýlajakdyklary barada gürrüň etmeli.

Ogulmeýrem GAPBAROWA,
Halaç etrabyndaky 3-nji «Gülälek» çagalar bagynyň müdiri.