Usuly-amaly okuwlar guraldy

18 Awgust 2021
897

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny uly dabaralara besläp, uludan bellemäge giňden taýýarlyk görülýän günlerde bilim ulgamyny kämilleşdirmek, sanly bilim ulgamyny durmuşymyza çuňňur ornaşdyrmak, ýaş nesle ösen döwrüň talaplaryna laýyk derejede bilim, terbiýe bermek barada öňde durýan wezipeleri amala aşyrmak, 2020-2021-nji okuw ýylynyň jemini jemlemek hem-de 2021-2022-nji okuw ýylynda öňde durýan maksatnamalaýyn işleri ýerine ýetirmegiň ugurlaryny kesgitlemek maksady bilen, welaýatymyzyň etrapdyr şäherlerinde awgust aýynyň 16 — 18-i günlerinde «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar bilen bilim işgärleriniň üç günlük usuly-amaly okuwlary geçirildi.

Oňa welaýatymyzyň ähli bilim-terbiýeçilik edaralarynda zähmet çekýän bilim işgärleri gatnaşdylar. Usuly-amaly okuwlar geçirilen mekdeplerde döredijilikli işleýän mugallymlaryň iş tejribeleri boýunça hem-de hormatly Prezidentimiziň gymmatly kitaplarynyň many-mazmunyny açyp görkezýän sergiler guraldy.

Annageldi BEKIÝEW,
öz habarçymyz.