Kuwwatly ösüşleriň depginli gadamlary

19 Awgust 2021
891

Ata Watanymyzyň ykdysady we syýasy ösüşiniň möhüm ugurlarynyň biri hem ýurtda ylmyň kämil derejelere ýetip, ýaş nesliň bilimli, tejribeli hünärmenler bolup ýetişmegidir. Mähriban Diýarymyzda bilim ulgamynyň we ylmyň kämilleşdirilmegi döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu ulgamy has-da kämilleşdirmek, ýaşlara berilýän bilimiň hilini dünýä derejesine laýyk getirmek, täze bilim edaralaryny gurup, olary döwrebap okuw kitaplary we gollanmalary bilen üpjün etmek, ulgama täze okuw-tehniki enjamlary, interaktiw multimediýa tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda netijeli işler alnyp barylýar.

“Ýaşlarymyzyň ýokary derejede bilim almagyna, saýlan hünäriniň eýesi bolmagyna ýardam bermek ýurdumyzda alnyp barylýan ähli özgertmeleriň özenidir” diýýän hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyny ösdürmek babatdaky alyp barýan syýasaty netijesinde, 2013 — 2014-nji okuw ýylynda umumy orta bilim berýän mekdeplerde okuw möhletiniň 12 ýyla geçilmegi ýaşlara bilim bermek işinde möhüm çözgüt boldy. Ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdepleriniň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň meýilnamasyna täze sapaklardyr döwrüň talap edýän hünärleriniň goşulmagy bolsa ýaşlaryň bilimlilik derejesiniň artmagyna, dünýägaraýşynyň giňemegine, olaryň ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda üstünlikli zähmet çekmäge ukyply ussat hünärmenler bolup ýetişmeklerine täsirini ýetirýär. Orta mekdepleriň döwrebap multimediýa, kompýuter tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi ýaş nesliň dünýä derejesinde bilim almagyna, kämilleşmegine, ylmyň gazananlary bilen içgin tanyşmagyna, ylma bolan höwesiniň artmagyna oňyn netijesini berýär.

Selbi ÝAZKULYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiň mugallymy.