Bilim binýady berkidilýär

17 Awgust 2021
758

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiz gülläp ösýär, halkymyz asuda, abadan ýurdumyzda erkana ýaşaýar, döredýär we gurýar. Şeýle ösüş-özgertmeli döwrümizde bilim ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn üns gönükdirilýär. Bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady düýpli berkidildi, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasy işlenip taýýarlanyldy hem-de ony durmuşa geçirmek işleri barha işjeňleşýär.

“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän şu şanly ýylymyzda “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi bu ulgamyň ösüşine täze itergi boldy. Kanunyň rejelenen görnüşi bilim ulgamynda gatnaşyklaryň hukuk binýadyny düzgünleşdirýär, döwlet syýasatynyň ýörelgelerini we bilim ulgamynyň maksatlaryny, wezipelerini hem-de işini dolandyrmagyň guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär. Bilim ulgamynyň örän uly kuwwatyny amala aşyrmakda, bilim bermegiň täze ölçeglerini, öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmakda, dünýäniň okuw merkezleri bilen özara gatnaşyklary giňeltmekde, şeýle hem bu ulgamy maliýeleşdirmek, dolandyrmak we gurluşyny düzmek bilen bagly wezipeleri çözmekde gürrüňi edilýän resminama täze mümkinçilikleri açýar.

Amanmuhammet GARRYBAÝEW,
Tejen etrabyndaky 5-nji orta mekdebiň müdiri.