Bosagada — täze okuw ýyly

16 Awgust 2021
843

Tomusky dynç alyş möwsümi tamamlanyp barýar. Ýene-de sanlyja günlerden täze okuw ýylynyň başlanandygynyň buşlukçysy bolup, ak mekdeplerde jaň sesi ýaňlanar. Tomusky dynç alşyň dowam edýän günlerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hereket edýän mekdep bazarlary, göçme söwda nokatlary adamlaryň iň bir gelim-gidimli ýerine öwrüldi. Mekdep bazarlarynda bolanyňda, okuwçylaryň täze okuw ýylyna ykjam taýýarlyk görýändiklerini synlamaga mümkinçilik tapýarsyň.

Biz mekdep bazarlarynyň işi bilen gyzyklanyp, paýtagtymyzyň «Gülüstan», «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy», «Parahat» söwda merkezlerinde, «Altyn asyr» gündogar bazarynda bolanymyzda, okuwçylardyr talyplaryň okuw esbaplarynyň dürli görnüşlerini, okuw lybaslaryny we beýleki zerur harytlary höwes bilen satyn alýandyklarynyň şaýady bolduk. Ene-atalar çagalary üçin sport egin-eşiklerini, aýakgapdyr okuw esbaplaryny satyn alýarlar. Olar mekdep bazarynda özlerine gerekli harytlary almaga kömek edýän mylakatly satyjylaryň medeniýetli hyzmatyndan hoşal bolup gidýärler. Satyjylar bolsa müşderileriň isleglerini yzygiderli öwrenip, olary bellige alyp, köpçüligiň göwnünden turýan okuw esbaplarynyň we mekdep harytlarynyň üstüni dolduryp durýarlar.

Sona DURDYÝEWA.
«Türkmenistan».