Tejribäniň möhüm ähmiýeti

17 Awgust 2021
969

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjeklerindäki bilim-terbiýeçilik edaralarynda täze okuw ýylyna taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Olaryň çäklerinde mekdep binalarynyň abadanlaşdyrylyşyna, okuw-usuly enjamlaryň guratlygyna, şonuň bilen birlikde-de, mugallymlaryň hünär derejesiniň kämilleşdirilmegine aýratyn üns berilýär. Şunda bilim işgärleriniň awgust maslahatlary hem-de usuly-amaly okuwlary uly ähmiýete eýedir.

Mälim bolşy ýaly, ýaşlara bilim bermek örän jogapkärli iş. Şoňa görä-de, onuň hötdesinden gelmegiň öz usulyýeti bar. Bilim bermegiň, okatmagyň, terbiýelemegiň netijeliligi hem şol usulyýetiň kämilligine, döwrebaplygyna baglydyr. Şundan ugur alyp, hünärmenler, ussat pedagoglar okatmagyň usulyýeti boýunça köp iş alyp barypdyrlar, hatda bu barada ýörite ylmy ugry hem esaslandyrypdyrlar.

Raima BABAŞOWA,
Balkanabat şäherindäki tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebiň mugallymy.