Bilimler mekany

18 Awgust 2021
913

Danalar: «Ylym-bilim iň gymmatly baýlykdyr» diýip, örän ýerlikli aýdypdyrlar. Her kimiň okap, öwrenip, ele alan ylym-bilim gory, ilki bilen onuň öz durmuşyna eşret goşýar. Il-halkyň bolelin ýaşamagy, ýaş nesliň ýagty geljegi ugrunda alada edilýän her bir döwletde raýatlaryň bu mirasdan paýly bolmagyna ýeterlik ähmiýet berilýär. Biz muňa Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň mysalynda aýdyň göz ýetirýäris. Ata Watanymyzda maşgaladan gözbaş alýan nesil terbiýesi mekdebe çenli çagalar edaralarynda, orta mekdeplerde ýola goýulýan bilim-terbiýeçilik işleri bilen sazlaşyp, günsaýyn ösýär we kämilleşýär. Ýaş nesliň ylymly-bilimli, kärli-hünärli bolmagy, watansöýüjiligiň, zähmetsöýerligiň, arassa ahlaklylygyň belent ruhunda terbiýelenmegi, bedenterbiýe, sport, döredijilik bilen meşgullanmagy olaryň durmuşda öz mynasyp ornuny tapmagyna we ýurduň köpugurly ösüşlerine öz goşantlaryny goşmaklaryna giň ýol açýar.

Ylymly-bilimli, beden we ruhy taýdan sagdyn nesliň ösüp kemala gelmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyz milli bilim ulgamynyň berk binýadyny döredip berdi. Bu günki gün güneşli Diýarymyzyň paýtagtynda we ähli welaýatlarynda häzirki zaman binagärlik nusgalarynda gurlan, ösen tehnologiýa enjamlary bilen üpjün edilen, ak mermerli mekdepler hereket edýär. Olarda ýaş nesle ylym-bilim bermekligiň usullary döwrebap kompýuterleri, multimedia, lingafon enjamlaryny işjeň peýdalanmak arkaly alnyp barylýar.

Jahan KERIMOWA,
Aşgabat şäherindäki 55-nji orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary.