Bilimli nesil — Watan daýanjy

17 Awgust 2021
1112

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylymyzda Türkmenistan öz Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk toýuny toýlar. Özygtyýarly ösüş ýolunda geçilen 30 ýylyň dowamynda ýurdumyzda asyrlara barabar işler amala aşyryldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň bize beren miweleri sanardan kän. Täze taryhyny, milli döwletini kemala getirmekde halkymyzyň öz ýoluny tapandygyna biziň asuda, parahat durmuşymyz, okgunly ösüşlerimiz, dünýäniň beýleki ýurtlary bilen ýola goýlan dostlukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarymyz şaýatlyk edýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ösüşiniň ähli ugurlarynda döwrebap özgertmeler amala aşyrylýar. Ýaşlaryň bagtyýar geljegini üpjün etmek, olaryň ylymly-bilimli, giň düşünjeli, täze tehnologiýalardan baş çykarýan adamlar bolup ýetişmekleri üçin uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki döwürde dünýäniň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň hataryna ynamly goşulan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda ýaşlaryň hukuklary ygtybarly goralyp, ýaşaýyş we durmuş derejesi yzygiderli ýokarlandyrylýar.

Hajymämmet NYÝAZGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.