Okuwçylarda tebigata söýgi döretmek

17 Awgust 2021
885

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda ösüşiň täze belentliklerine sary barýan eziz Diýarymyzda amala aşyrylýan işleriň her biri buýsanç duýgularymyzy goşalandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen amal bolýan bu beýik işleriň netijesinde Watanymyzyň berk binýady kemala gelýär. Şeýle hem giň möçberli özgertmeler halkymyzyň ösüşli geljegi hakyndaky aladalara ýugrulandyr.

Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ylym-bilime aýratyn üns berilýär. Bilim işgärleriniň awgust usuly-amaly okuwlarynyň geçirilýän günlerinde sapaklary guramak, ýaşlara bilim öwretmek bilen baglanyşykly çykyşlar yzygiderli beýan edilýär. Biologiýa mugallymlarynyň göreldeli iş tejribeleri öwrenilýär. Okatmagyň täze we döwrebap usullary mugallymlara ýetirilýär.

Sülgün ÝOLLYÝEWA,
Ak bugdaý etrabyndaky 16-njy orta mekdebiň mugallymy.