Sapakda nakyllardan peýdalanmak

17 Awgust 2021
3400

Halkymyzyň döreden nakyllary we atalar sözi milli gymmatlyklarymyzdyr. Olaryň ähmiýeti barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda: «Müňýyllyklaryň dowamynda döredilip, timarlanyp gelnen nakyllardyr atalar sözlerini pederlerimiziň umman ýaly çuňňur akyl-paýhas hazynasy, mydama dogry ýol salgy berýän şamçyrag — maslahatçy diýip aýtmak bolar. Nakyllarda ençeme nesilleriň durmuş tejribesinde taplanan halk parasaty, gündelik durmuşda öwran-öwran başdan geçirilen hadysalardan gelip çykýan dogry çözgütler, gymmatly sargyt-maslahatlar öz beýanyny tapypdyr» diýip belleýär.

Halk döredijiliginden nakyllaryň, atalar sözüniň manysyny okuwçylara düşündirmek möhüm ähmiýete eýedir we munda mugallymlara uly orun degişlidir. Çünki nakyllarda, atalar sözünde ahlak gymmatlyklary wagyz edilýär. Hut şu nukdaýnazardan, beýleki dersler bilen birlikde, başlangyç synplaryň okuw we ýazuw sapaklarynda nakyllardan, atalar sözünden peýdalanýaryn. Olarda aýdylýan öwütleri, paýhas dürdänelerini okuwçylaryň aňyna ýetirmäge çalyşýaryn. Bu işde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitap esasy gollanma bolup durýar.

Göwher KURBANOWA,
Köneürgenç şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 8-nji orta mekdebiň mugallymy.