Kämilligiň binýady

17 Awgust 2021
967

Ýurdumyzda ylymly-bilimli nesilleri kemala getirmek, häzirki zamanyň öňdebaryjy tehnologiýalaryndan netijeli peýdalanmak, dünýäniň ösen tejribesini milli bilim ulgamyna ornaşdyrmak meselelerine uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan bilim ulgamyny ösdürmek, kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan göwrümli işler özüniň oňyn netijelerini berýär. Umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň halkara olimpiadalarynda gazanýan üstünlikleri munuň aýdyň mysalydyr.

Döwlet Baştutanymyz dünýäniň sanly tehnologiýalar babatda öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyny, her bir raýatyň ösen tehnologiýalardan baş çykaryp bilmegini wezipe edip goýdy. Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň maksady ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmekden, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakdan, hilini ýokarlandyrmakdan, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekden ybaratdyr. Bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakda sapaklarda täze tehnologiýalary ulanmagyň ähmiýeti uludyr. Umumybilim berýän orta mekdeplerde bilim we terbiýe bermegiň utgaşdyrylan usullaryny kämilleşdirmek, elbetde, bilim işgärleriniň ýagny, mugallymlaryň paýyna düşýär. Bilim berlişiň hiliniň ýokarlandyrylmagy, tehnologiýalardan, gollanmalardan peýdalanyp, görkezme esbaplaryň üsti bilen sapak guramakda mugallymlaryň iş tejribeleri we hünär kämilligi zerurdyr. Her ýyl geçirilýän bilim işgärleriniň awgust usuly-amaly okuwlary we maslahatlary mugallymlaryň döwrebap okatmakdaky işlerine aýratyn goldaw berýär.

Dünýägözel URAZOWA,
Aşgabat şäherindäki tebigy ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 75-nji «Beýik Serdar nesilleri» orta mekdebiň müdiri.