Sanly bilim — täze başlangyçlara badalga

15 Awgust 2021
948

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda milli ylym we bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi, hususan-da, ýokary hünärli ýaş hünärmenleriň, alymlaryň ýaş nesliniň taýýarlanmagy, şeýle hem bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Bilim babatdaky jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän, bilim ulgamynyň maksatlaryny, wezipelerini, hyzmatlaryny we onuň işini dolandyrmagyň tertibini kesgitleýän «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap mekdepleriň we çagalar baglarynyň gurluşygynyň ýaýbaňlandyrylmagy, täze, ýokary hilli okuw kitaplarynyň taýýarlanylmagy we çap edilmegi, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň açylmagy hem-de olarda täze ugurlaryň girizilmegi, sanly bilim ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy bu ugurda ädilen uly ädimler boldy.

Sanly bilim ulgamy — bu bilim bermegiň ähli basgançaklarynda okatmagyň maksatnamalaryny ýokary hilli elektron materiallar (elektron kitaplar, elektron seminarlar we beýlekiler) hem-de degişli usullar (uzak aralykdan bilim bermek we başgalar) esasynda kämilleşdirmekdir, internetiň mümkinçiliklerini bilim bermek we bu ugurda ýakyndan aragatnaşyk saklamak üçin peýdalanmakdyr. Ösen kompýuterçilik tilsimatyna daýanýan häzirki zaman jemgyýetinde ynsanyň iň gymmatly serişdesiniň wagtdygyny nazara alanymyzda, sanly bilim ulgamy diňe bir wagty tygşytlamakda däl, eýsem, bu babatdaky iň häzirki zaman usullarynyň elýeterli bolmagyny gazanmakda mümkinçilikleriniň çäksizdigi bilen hem tapawutlanýar. Şeýle-de sanly bilim nazary we amaly okuwlary dogry hem netijeli guramaga, ylmyň we tehnikanyň dünýä ulgamynda iň soňky gazanan üstünliklerine daýanyp, olaryň dürli pudaklary babatda ýetilen ýokary sepgitler hakyndaky täzeçe pikirleri, düşünjeleri almaga ýardam berýär.

Şemşat KERIMOWA,
Aşgabat şäherindäki 55-nji orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary.