"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Medeni ösümlikleri öwretmegiň ähmiýeti

Biologiýa dersiniň esasy maksady tebigy we beýleki ugurly dersler bilen özara baglanyşyk esasynda okuwçylarda janly tebigat barada bir bitewi ylmy dünýägaraýşy kemala getirmekden, biologiýadan we ekologiýadan sowatly şahsyýetleri taýýarlamakdan ybaratdyr. Özümiň okadýan 6-njy synpymda «Däneliler maşgalasynyň umumy alamatlary» diýen temadan görelde sapagyny guradym. Ilki okuwçylaryma däneli ösümlikler barada düşünje berdim. Däneliler maşgalasyna degişli ösümlikleriň hemmesi diýen ýaly birýyllyk ýa-da köpýyllyk otjumak ösümliklerdir. Olaryň kökleri gotazjumakdyr we kök ulgamy goşmaça köklerden emele gelendir. Däneliler maşgalasyna degişli ösümlikleriň içi boş sypal baldaklarynyň bolmagy olar üçin iň häsiýetli alamatlardyr. Sypal baldagy birnäçe içi boş bogun aralykly böleklerden durandyr. Ýaprak plastinkasy insiz uzyn bolup, damarlary ugurdaş ýerleşendir. Olaryň ownuk, açyk reňksiz hem-de yssyz gülleri bolýar. Olar baş, sübse ýa-da golçur güle ýygnanandyr. Şeýle maglumatlar bilen okuwçylarymy tanyşdyryp, multimedia tagtasynda ösümlikleriň suratlaryny görkezdim we taýýarlanan görkezme esbaplara, şekillere okuwçylaryň ünsüni çekdim. Okuwçylar multimedia tagtasyndaky we gürrüň beren ösümliklerim bilen tanyşdylar.

Terbiýeçiniň guramaçylykly işi

Türkmen halky çaga terbiýesine örän jogapkärçilikli çemeleşýär. Her bir maşgalanyň ata-enesi özüniň dowamaty — atly-abraýly, ilhalar, zähmetsöýer, bilimli, hünärli perzentleri ösdürip ýetişdirmäge aýratyn ähmiýet berýär. Bu ýörelge gadymy döwürlerden bäri dowam edip gelipdir. Çaganyň terbiýe meselesine aýratyn üns berilmegi onuň geljekde gowy durmuşa ýetmegi üçin täsiri uludyr. Bu jogapkärçilikli wezipe maşgala bilen birlikde mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynda zähmet çekýän terbiýeçileriň paýyna düşýär. Çagalar baglarynda berilýän bilim we terbiýe ähli çagalar toparlarynyň arasynda özara baglanyşdyrylmalydyr, şunda olaryň ösüş aýratynlyklary göz öňünde tutulmalydyr. Mekdebe taýýarlaýyş toparynyň maksatnamasynyň mazmuny bolsa mekdep maksatnamasy bilen üznüksiz baglanyşykda bolmalydyr. Maksatnamanyň talaplaryny doly we dogry berjaý etmek, mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynyň her bir işgäriniň jogapkärli borjudyr.

Kämilligiň mekdebi

Bäş müňýyllyk şöhratly taryhynda ylym, binagärlik, babatda meşhurlyk gazanan türkmen halky häzirki bagtyýarlyk döwrümizde hem bu ugurlary mynasyp ösdürýär. Eziz Diýarymyzyň beýik ösüşleri ylmy esasda alnyp barylýan işlerden gözbaş alýar. Ylym-bilim ata Watanymyzyň gadymy şöhratyny, bu günki ýeten belent derejelerini äleme ýaýýar. Eziz Diýarymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygynyň bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem sazlaşykly ösen, milli ruhda terbiýelenen, kämil hünärli, arassa ahlakly, halkyna, Watanyna wepaly ýaş hünärmenler biziň her birimiziň buýsanjymyzdyr.

Kämil göreldäniň gözbaşy

Hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladasy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz ösüşleriň belent sepgitlerine tarap ugur alýar. Berkarar döwletimizi syýasy, ykdysady, medeni-ruhy taýdan mundan beýlägem ösdürmek üçin ýurda ylymly-bilimli, dünýäniň ösen tehnologiýalaryndan başy çykýan, ylmyň ýeten iň soňky sepgitlerini özleşdiren, şeýle hem şol derejede ylmy açyşlary edip, önümçiligiň we jemgyýetiň ösüşlerine netijeli goşant goşýan hünärmenler gerek. Şu zatlaryň biziň güneşli Diýarymyzda durmuş hakykatyna öwrülmegi üçin hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işiniň düýpli özgermegi ugrunda bimöçber aladalary edýär. Şol aladalar netijesinde, ata Watanymyzyň çar künjeginde häzirkizaman bilim-terbiýeçilik ojaklarynyň ak mermer binalary gün-günden köpelip, ýaşlaryň döwrebap bilim, ylym almagyna giň mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde talyp ýaşlar we mekdep okuwçylary bilen Bilimler we talyp ýaşlar gününe bagyşlap geçiren umumy okuw sapagyna gatnaşmak bagty bize-de miýesser etdi.

Iňlis dilinde zerurlyk we hökmanlyk

Islendik bir daşary ýurt dili öwrenilende, ilkibaşda özümize zerur bolan zatlary beýan etmegi öwrenmek juda möhümdir. Dükanda, saçagyň başynda, işde ýa-da dersde käte zerurlyklar ýüze çykýar. Şeýle ýagdaýlarda pikiriňizi dogry beýan edip bilmeklik siziň şol dili bilşiňize ynamyňyzy artdyrar we ony öwrenmäge has batyrgaý çemeleşmäge itergi berer. «I need... » — Maňa... gerek

Müňlerçe ynama bir jogap — okamak (Talyplygyň bosagasynda)

Talyplygyň birinji ýyly, birinji güni, birinji sapagy... Öňümize gelen halypa mugallym bizi talyplyk bagtyna ýetmegimiz bilen gutlady-da, yz ýanyndan şeýle diýdi: «Ata-eneňiz, ýakynlaryňyz sizi uly ynam bilen ugratdylar, biz sizi uly ynam bilen gujak açyp garşylaýarys. Watanymyz size öz geljegini ynanmak üçin garaşýar. Indi sizem şol ynamlary ödemek üçin yhlasly okaň, bu talybyň ilkinji we iň mukaddes borjudyr!». Bu sözler birbada hyýallarymy önüp-ösen ojagyma sary alyp gitdi. Dessine-de goňşy-golamdyr obadaşlara, dogan-garyndaşlara şatlykdan dolup-daşyp: «Oglum talyp boldy!» diýip buşlaýan ejem, «Gutly bolsun, oň bolsun!» diýip begenjini paýlaşmaga gelenleri buýsanç bilen garşylaýan kakam, begençden uçaýjak bolýan doganlarym... hemmesi birin-birin göz öňümden geçdi. Onsoň, heý, nädip olar üçin yhlas etmejek, kiçijek üstünligiňe dag ýaly şatlyk tapýan ol gadyrdanlaryň ynamyny neneňsi ödemejek ahyry?!

Milli terbiýe — edebiň gözbaşy

Arkadag Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan, ýiti zehininden dörän ajaýyp eserleri ýaş nesli merdana ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik, watansöýüjilik, päk ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekde gymmatly ruhy çeşme bolup hyzmat edýär. Ýaşlaryň aňyna şeýle ruhy gymmatlyklary siňdirmekde, olary milli aňyýetiň esasynda aýdyň ýollara atarmakda Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Mertler Watany beýgeldýär», «Janly rowaýat», «Döwlet guşy», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» ýaly ajaýyp eserleri röwşen şamçyrag bolup durýar. Bu eserler biziň her birimiz üçin edep-terbiýe mekdebidir. Çünki gymmaty egsilmeýän ajaýyp eserlerde terbiýäniň ähli görnüşlerine uly orun berilýär. Türkmen halky watançylyk terbiýesini terbiýäniň esasy özeni hasaplaýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Älem içre at gezer» romanynda watansöýüjilik, esasan, Berdimuhamet mugallymyň keşbinde aýdyň şöhlelenýär. Berdimuhamet Annaýewiň watansöýüjilik, mertlik, batyrgaýlyk we gaýduwsyzlyk ýaly keşpleri okyjynyň göz öňünde janlanýar. Eserde baş gahrymanyň — ussat mugallym, edermen esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň ýokary adamkärçiligi, watansöýüjiligi açylyp görkezilýär. Şol sebäpden hem gahrymanyň özüni alyp barşy, oý-pikirleri, beýleki adamlar bilen gatnaşyklary okyja ýiti täsir edýär. Alym Arkadagymyzyň romanynda ýaş

Ýaşlara nusgalyk taryhy sapak

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň başda durmagynda ýurdumyzyň her bir güni şanly wakalara, taryhy pursatlara beslenýär. Şeýle wakalaryň biri ýakynda, has takygy, 1-nji sentýabr — Bilimler we talyp ýaşlar gününde bolup geçdi. Bu ajaýyp baýramçylyk gününde hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşyp, ýaş nesilleriň arasynda taryhy çykyş etmegi ähli watandaşlarymyzy buýsandyrdy. Çünki, ilkinji sapakda milli Liderimiz bahasyna ýetip bolmajak taryhy wakalar dogrusynda durup geçdi. Sapagyň başynda “Men şu gün siziň bilen duşuşyp, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň geçen taryhy ýoly, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ösüşi, häzirki ýaşlarymyzyň döwletiň, jemgyýetiň, ene-atanyň we maşgalanyň öňündäki wezipe borçlary hakynda umumy sapak geçmek barada karara geldim” diýip, hormatly Prezidentimiz köp adamly auditoriýa ýüzlendi hem-de olar dogrusynda jikme-jik gürrüň bermäge başlady.

Ýakymly duýgulara beslendi

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň birinji sentýabrynda dabara bilen bellenilip geçilen Bilimler we talyp ýaşlar güni biz, bagtyýar talyplar üçin ýakymly duýgulara beslendi. Ol gün merjen şäherimiz Aşgabadyň Maslahat köşgünde Gahryman Arkadagymyz täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy okuw sapagyny geçirdi. Bu sapak deň-duşlarym bilen birlikde meniň üçin hem örän täsirli boldy. Okuw sapagy her birimiziň ruhy gorumyzy artdyryp, biziň birnäçe gymmatly maglumatlara eýe bolmagymyza mümkinçilik döretdi. Arkadag Prezidentimiziň geçiren okuw sapagynda taryhy maglumatlara esaslanyp Watan mukaddesligi, asudalygy hakyndaky gürrüňlerini diňläp, Watan, ene toprak ugrunda jan aýaman söweşen gahrymanlara müň mertebe tagzym edýärsiň. Munuň esasynda Watana bolan söýgiň goşalanýar. Biz — ýaşlar hem Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda okap, bilim alyp, Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşandymyzy goşarys.

Şägirt ýetişdirýän halypa

Bagtyýarlyk zamanamyzda Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda ýurdumyz ähli ugurlar babatda syýasatda, ykdysadyýetde, oba hojalygynda, senagatda we bilim ulgamynda ýokary sepgitlere eýe bolýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dünýäniň birnäçe döwletleri bilen ýola goýlan ykdysady-söwda, ynsanperwer gatnaşyklar dünýä dilleriniň biri bolan iňlis dilini öwrenmäge höwesekleriň sanynyň artmagyna getirdi. Iňlis dilini mekdep okuwçylaryna hatda ýaş mugallymlara hem öwretmekde tejribeli mugallymlaryň biri-de Elzewire Şükürowadyr. Hakykatdan-da, onuň il içindäki mertebesi, sylag-hormaty, at-abraýy özboluşly mekdep. Onuň işdeş mugallymlary bilim ulgamynyň wekilleri we beýlekiler onuň adyny hormat bilen tutýarlar. Ol indi 50 ýyl töweregi wagt bäri okuwçylara iňlis dilinden sapak berýär. Elzewire mugallym döredijilik bilen hem meşgullanýar. Ol türkmen - iňlis dillerinde goşgy ýazmagy halaýar. 1988-nji ýylda Elzewira mugallyma “Ýokary derejeli mugallym» diýen hormatly at dakyldy. Şu günki günde Wekilbazar etrabyndaky 34-nji orta mekdepde işleýän, özüniň bütin ömrüni mugallymçylyk hünärine bagyş eden halypa mugallym bilen biz söhbetdeş bolduk. Şonda biz oňa okyjylarymyzy gyzyklandyrýan birnäçe soraglar bilen ýüz tutduk. — Elzewire mugallym, mugallymçylyk kärini saýlamagyňyza näme sebäp boldy?

Talyp bolmak bagty

«7/24.tm», № 36 (67), 06.09.2021. Çagalykdan arzuwym Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby bolmakdy. Şükür! Bu arzuwym hasyl bolup, maňa «Talyp-2020» diýen ýazgyly lentany dakmak bagty miýesser etdi. Bu ýyl Täze okuw ýyly başlanynda geçen ýylky ajaýyp duýgulary ýatladym. 

Goşa baýrama mynasyp sowgat

«7/24.tm», № 36 (67), 06.09.2021.   Hormatly Prezidentimiz ata Watanymyzyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine iberen Gutlagynda: «Sizi Garaşsyz Watanymyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2021-2022-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Egsilmez ylham-joşgun paýlaýan bu baýramçylygyň geljegimiz bolan mekdep okuwçylarynda we talyp ýaşlarda, asylly käri mynasyp dowam edýän mugallymlarda, bilim işgärlerinde eziz Watanymyza bolan buýsanjy has-da artdyrjakdygyna berk ynanýaryn» diýilýär. Milli Liderimiziň ynamyny ödemek we ata Watanymyza wepaly nesil bolup ýetişmek, şol nesillere döwrebap bilim we terbiýe bermek üçin yhlas edilýär.  Çünki bu günki gün bilim ulgamyny kämilleşdirmek we döwrebap mekdepleriň hataryny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler öz miwesini berýär.

Dünýä ýurtlarynda bilimler güni

«7/24.tm», № 36 (67), 06.09.2021. Täze okuw ýylynyň başlanýan güni ähli ýurtlarda birmeňzeş bolmaýar. Bilimler güni her ýurtda dürli senelerde, dürli adatlar bilen başlaýar. Geliň, olaryň käbirleri bilen tanyş bolalyň!

Bilim geljege uzan ak ýoldur

«7/24.tm», № 36 (67), 06.09.2021. Häzirki wagtda bilim dünýäni dolandyrýar. Ata-babalarymyz gadym zamanlarda hem bilimiň möhümdigine ünsi çekipdirler. «Bilegi zor birini, bilimi zor müňini ýykar» diýen nakyl hem ýokarda beýan edilen pikiriň sözdäki kesgitlemesidir.

Taryhy waka buýsanç

Bedew bady bilen barha öňe barýan, täze-täze belent sepgitlere ýetip, dünýädäki şöhrat-şany barha ýokarlanýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz il-ýurt bähbitli wakalara beslenýär. Ýakynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde hormatly Prezidentimiziň talyplar we okuwçylar bilen duşuşyp, ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesliň mukaddes borçlary, wezipeleri barada umumy sapak geçmegi hem ýatdan çykmajak täsirli waka öwrüldi. Milli Liderimiz umumy sapagyň dowamynda eziz Watanymyzyň taryhy we şu günki ösüşleri barada hemmetaraplaýyn çuňňur many-mazmuna ýugrulan ylmy garaýyşlaryny beýan etdi. Mydama ýurdumyzyň döwrebap özgerdilmeginde ylym-bilimiň ornuna ýokary ähmiýet berýän döwlet Baştutanymyz: «Bilim ulgamyny dünýä derejesinde döwrebaplaşdyrmaga, ruhy taýdan kämil, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly nesil ýetişdirmäge uly ähmiýet berýäris» diýip belledi. Şeýle hem bu ugurda döwletimiz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýan işler barada durup geçdi. Ylym-bilim — Berkarar döwletimiziň esasy binýady bolup durýar. Şonuň üçin hormatly Prezidentiniň «Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda» Permanyna, «Bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işini kämilleşdirmek hakyndaky» Kararyna we bilim-ylym ulgamlarynda düýpli özgertmeleri geçirmek boýunça beýleki resminamalaryna laýyklykda, ýurdumyzda beýik işler durmuşa geçirilýär. Ynha, Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň b

Körpeler matematika sapagynda

Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde we mekdebe çenli çagalar edaralarynda okatmagyň we terbiýelemegiň dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap usullary giňden ornaşdyrylýar. Şu esasda hem çagalar baglarynda ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermek, olary durmuşa ykjam taýýarlamak boýunça köp işler alnyp barylýar. Bu alnyp barylýan işleriň netijeliligini gazanmak üçin çagalar baglarynda körpeler bilen guralýan okuw-terbiýeçilik işlerinde innowasion tehnologiýanyň dürli usullaryndan peýdalanmak bolýar. Men öz zähmet çekýän çagalar bagymda okatmagyň dürli usullaryndan, innowasion tehnologiýalardan peýdalanyp, okuw-terbiýeçilik işiniň netijeli bolmagyna uly üns berýärin, sapaklarda okatmagyň dürli işjeň tärlerini ulanýaryn. Ýerlikli peýdalanylýan serişdeler, görkezme esbaplar, sorag-jogaplar okatmagyň usullarynyň manyly bolmagyny üpjün edýär. Olara okuw kitaplary, gollanmalar, enjamlar, esbaplar, dürli görnüşli tehniki serişdeler degişlidir. Terbiýeçiniň öz öňünde goýan maksadyna ýetmegi, ony üstünlikli durmuşa geçirmegi üçin, onuň ýadawsyz zähmet çekmegi we mydama döredijilikli işlemegi zerurdyr. Sapak guralanda terbiýeçiniň öwredijiligi ýokary derejede bolmalydyr. Okatmak işiniň ýokary derejesini üpjün etmek, öwredilýän okuw materiallaryny çagalaryň aňyna ýetirmek, onuň çagalaryň aňynda uzak wagtlap galmagyny gazanmak üçin ulanylýan usullar bir ýa-da iki dä

Milli terbiýäniň ähmiýeti

Halkymyzyň milli terbiýeçilik däplerinde ýaşlary beýik şahsyýetlerimiziň mysalynda terbiýelemek esasy orunda durýar. Biz hem Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romanynyň manymazmunyny ýaş nesillere öwredenimizde, romanyň baş gahrymany Mälikguly Berdimuhamedowyň çeper keşbiniň üsti bilen okuwçylara döwrebap, milli terbiýe bermegi maksat edinýäris. Ýaşlarda köp okamaga, çeper sözüň güýjüne, milli dilimize, akyldar şahyrymyz Magtymgulynyň dürdäne setirlerine söýgi döretmekde bu eseriň ähmiýeti örän uludyr. Mälikgulynyň dördünji synpda okaýarka, ýedinji synpyň kitaplaryny özleşdirýändigini, üç sany dessany, ýüze golaý goşgyny ýatdan bilýändigini, Magtymgulynyň akylpaýhasly goşgy setirlerini daýhanlara okap berýändigini buýsanç bilen gürrüň berýän pursatlarymyzda, çagalaryň ylymbilime, çeper edebiýata bolan söýgüleri artýar. Olaryň okuw kitaplaryny, çeper eserleri okamaga bolan höwesleri güýçlenýär.

Täze belentliklere ruhlandyrýan beýik ynam

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 1-nji sentýabrynda — Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2021 — 2022-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy okuw sapagyny geçip, Garaşsyzlyk ýyllarynda ähli ugurlarda gazanylan üstünlikler barada çykyş etmegi unudylmajak pursat boldy. Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň «Ylym-bilim durmuşa ýagty saçýar» atly bölüminden bir ajaýyp jümläni ýatlap geçdi. Ol pikir iň gymmatly mirasyň terbiýedigi, terbiýäniň özeniniň bolsa ylym-bilimdigi baradady. Ylma we bilime daýanyp, türkmen halkynyň gadymdan gelýän däpleriniň hem-de umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda ýaşlara bilimdir terbiýe bermek boýunça alnyp barylýan işleri kämilleşdirmegiň möhümdigi Gahryman Arkadagymyzyň çykyşynyň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Milli Liderimiz «Ylym-bilim ynsany belende göterýär» diýip bellemek bilen, ýurdumyzda ýaş nesliň bilim almagy, hünär öwrenmegi üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigine ünsi çekdi. Bu ugurda ýaşlarda çuňňur watançylyk duýgusyny kemala getirýän, döwletimiziň berkararlygyny we ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga borçlandyrýan beýik işler — ýurdumyzyň oba-şäherlerinde häzirki zaman kämil kompýuterleri, interaktiw we multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen, internet toruna birikdirilen döwrebap orta we ýokary okuw mekdepleri, mek

Ak ertire rowan gördüm

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň ähli künjeginde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2021-2022-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli dabaraly çäreler giňden ýaýbaňlandyryldy. Diýarymyzyň mekdepleridir ýokary okuw jaýlary bilen bir hatarda şeýle dabaraly çäreleriň biri Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirildi. Institutyň baş binasynyň öňünde geçirilen dabaraly çäre Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýaňlanmagy bilen başlady. Dabaranyň başynda hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine iberen Gutlagy okaldy. Gutlagda milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bilim almak, hünär öwrenmek türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda berk eýerip gelen durmuş kadasydyr. Sebäbi ylym-bilim bagtyýarlygyň hem-de rowaçlygyň gözbaşydyr. Soňra institutyň rektory hem-de professor-mugallymlary täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen dabara gatnaşyjylary gutladylar. Gutlaglarda döwlet Baştutanymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamynda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler hakynda aýratyn bellenip geçildi.

Täze bilim ojaklary

1-nji sentýabrda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli şanly senäni — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyny bellemäge taýýarlyk görýän eziz Diýarymyzda çagalar üçin gapylaryny giňden açan täze mekdepleriň birnäçesi ulanylmaga berildi. Bu desgalaryň gurluşygy ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan amala aşyryldy.