Täze belentliklere ruhlandyrýan beýik ynam

5 Sentýabr 2021
918

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 1-nji sentýabrynda — Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2021 — 2022-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy okuw sapagyny geçip, Garaşsyzlyk ýyllarynda ähli ugurlarda gazanylan üstünlikler barada çykyş etmegi unudylmajak pursat boldy. Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň «Ylym-bilim durmuşa ýagty saçýar» atly bölüminden bir ajaýyp jümläni ýatlap geçdi. Ol pikir iň gymmatly mirasyň terbiýedigi, terbiýäniň özeniniň bolsa ylym-bilimdigi baradady.

Ylma we bilime daýanyp, türkmen halkynyň gadymdan gelýän däpleriniň hem-de umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda ýaşlara bilimdir terbiýe bermek boýunça alnyp barylýan işleri kämilleşdirmegiň möhümdigi Gahryman Arkadagymyzyň çykyşynyň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Milli Liderimiz «Ylym-bilim ynsany belende göterýär» diýip bellemek bilen, ýurdumyzda ýaş nesliň bilim almagy, hünär öwrenmegi üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigine ünsi çekdi. Bu ugurda ýaşlarda çuňňur watançylyk duýgusyny kemala getirýän, döwletimiziň berkararlygyny we ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga borçlandyrýan beýik işler — ýurdumyzyň oba-şäherlerinde häzirki zaman kämil kompýuterleri, interaktiw we multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen, internet toruna birikdirilen döwrebap orta we ýokary okuw mekdepleri, mekdebe çenli çagalar edaralary, çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri gurulýar, ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmaklary üçin amatly şertler döredilýär. Mekdeplerde birinji synpa okuwa barýan körpelere Gahryman Arkadagymyzyň adyndan ýadygärlik hökmünde öz ýurdumyzda öndürilen «Bilimli» atly öwrediji kompýuterler gowşurylýar.

Ogulgerek BAÝRAMOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.