Terbiýeçiniň guramaçylykly işi

7 Sentýabr 2021
1076

Türkmen halky çaga terbiýesine örän jogapkärçilikli çemeleşýär. Her bir maşgalanyň ata-enesi özüniň dowamaty — atly-abraýly, ilhalar, zähmetsöýer, bilimli, hünärli perzentleri ösdürip ýetişdirmäge aýratyn ähmiýet berýär. Bu ýörelge gadymy döwürlerden bäri dowam edip gelipdir. Çaganyň terbiýe meselesine aýratyn üns berilmegi onuň geljekde gowy durmuşa ýetmegi üçin täsiri uludyr. Bu jogapkärçilikli wezipe maşgala bilen birlikde mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynda zähmet çekýän terbiýeçileriň paýyna düşýär.

Çagalar baglarynda berilýän bilim we terbiýe ähli çagalar toparlarynyň arasynda özara baglanyşdyrylmalydyr, şunda olaryň ösüş aýratynlyklary göz öňünde tutulmalydyr. Mekdebe taýýarlaýyş toparynyň maksatnamasynyň mazmuny bolsa mekdep maksatnamasy bilen üznüksiz baglanyşykda bolmalydyr. Maksatnamanyň talaplaryny doly we dogry berjaý etmek, mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynyň her bir işgäriniň jogapkärli borjudyr.

Ogulgerek ANNAGELDIÝEWA,
Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň baş hünärmeni.