Körpeler matematika sapagynda

5 Sentýabr 2021
1735

Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde we mekdebe çenli çagalar edaralarynda okatmagyň we terbiýelemegiň dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap usullary giňden ornaşdyrylýar. Şu esasda hem çagalar baglarynda ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermek, olary durmuşa ykjam taýýarlamak boýunça köp işler alnyp barylýar. Bu alnyp barylýan işleriň netijeliligini gazanmak üçin çagalar baglarynda körpeler bilen guralýan okuw-terbiýeçilik işlerinde innowasion tehnologiýanyň dürli usullaryndan peýdalanmak bolýar.

Men öz zähmet çekýän çagalar bagymda okatmagyň dürli usullaryndan, innowasion tehnologiýalardan peýdalanyp, okuw-terbiýeçilik işiniň netijeli bolmagyna uly üns berýärin, sapaklarda okatmagyň dürli işjeň tärlerini ulanýaryn. Ýerlikli peýdalanylýan serişdeler, görkezme esbaplar, sorag-jogaplar okatmagyň usullarynyň manyly bolmagyny üpjün edýär. Olara okuw kitaplary, gollanmalar, enjamlar, esbaplar, dürli görnüşli tehniki serişdeler degişlidir. Terbiýeçiniň öz öňünde goýan maksadyna ýetmegi, ony üstünlikli durmuşa geçirmegi üçin, onuň ýadawsyz zähmet çekmegi we mydama döredijilikli işlemegi zerurdyr. Sapak guralanda terbiýeçiniň öwredijiligi ýokary derejede bolmalydyr. Okatmak işiniň ýokary derejesini üpjün etmek, öwredilýän okuw materiallaryny çagalaryň aňyna ýetirmek, onuň çagalaryň aňynda uzak wagtlap galmagyny gazanmak üçin ulanylýan usullar bir ýa-da iki däldir, olar köpdür. Iň esasy hem sapaklary işjeň usulda guramakdyr.

Maýsa SAPAROWA,
Türkmenbaşy şäherindäki 25-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.