Kämilligiň mekdebi

7 Sentýabr 2021
1148

Bäş müňýyllyk şöhratly taryhynda ylym, binagärlik, babatda meşhurlyk gazanan türkmen halky häzirki bagtyýarlyk döwrümizde hem bu ugurlary mynasyp ösdürýär. Eziz Diýarymyzyň beýik ösüşleri ylmy esasda alnyp barylýan işlerden gözbaş alýar.

Ylym-bilim ata Watanymyzyň gadymy şöhratyny, bu günki ýeten belent derejelerini äleme ýaýýar. Eziz Diýarymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygynyň bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem sazlaşykly ösen, milli ruhda terbiýelenen, kämil hünärli, arassa ahlakly, halkyna, Watanyna wepaly ýaş hünärmenler biziň her birimiziň buýsanjymyzdyr.

Gülçynar GURBANOWA,
Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 13-nji orta mekdebiň mugallymy.